Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe "Halkyň Arkadagly zamanasy" ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň bu Guramanyň deňhukukly agzalygyna kabul edilýändigi hakynda karar kabul edildi. Agza ýurtlaryň her biri Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasynda beýan edilen, halkara gatnaşyklarynyň esasy ýörelgelerine esaslanýan şertleri öz üstüne borç edip alýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 185 döwletiň, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezolýusiýa ikinji gezek kabul edildi.
Bu seneler Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 12-nji dekabr Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe "Halkyň Arkadagly zamanasy" ýylynda biziň her birimiz ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere besleýän möhüm wakalaryň şaýady bolýarys. Bu taryhy wakalar halkymyzyň hakydasynda we Diýarymyzyň taryhynda öçmejek yz goýup, dünýä jemgyýetçiliginiň döwletimize bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Şeýle baýramçylyk günlerde hem TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Bitaraplyk ýoly-dünýä nusga göreldämiz” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň aýdym-sazly çykyşlary diňlenildi. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyşly sözler belentden ýaňlandy. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun! Tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Gözel SAPARMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň müdiri.