Hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň etrap Sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde yglan edilen «Garaşsyzlyk – guwanjym, Bitaraplyk – buýsanjym» atly şygar astynda sportuň badminton görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Geçirilen bäsleşik diýseň çekeleşikli tamamlandy. Türkmen sportunyň hak howandary Arkadagly Serdarymyzyň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmeli diýip öňde goýan wezipelerini durmuşa ornaşdyrmak şeýle-de ýaşlaryň boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmagyny, olaryň bidüzgünçiliklerden, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz-nesihat etmek, şeýle hem ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen geçirilen sport bäsleşiginde ýaşlar erjellik bilen bäsleşip, ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Ýeňijilere ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Şirinnabat SARJAGULOWA,
TMÝG-niň Türkmenbaşy etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.