BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN ÇÄRE

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň iş meýilnamasy esasynda, Gyzylarbat etrap gaz hojalyk edarasynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli Gyzylarbat etrap Gazhojalyk edarasynyň ýygnaklar jaýynda baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Gyzylarbat etrap gazhojalyk edarasynyň ilkinji ýaslar guramasynyň baslygy Çynar Nurnepesowa çykyş edip ol öz çykyşynda ähli kärdeşlerini baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlap olara işlerinde diňe üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw etdi. Özleri üçin şeýle mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Dabaranyň dowamynda zähmetde tapawutlanan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Gülsona AŞYROWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Gyzylarbat etrap Geňeşiniň sanly

ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR