Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň gurnamagynda Türkmenbaşy şäher Medeniýet bölüminiň Merkezi kitaphanasynda Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda akyldar şahyryň ömri döredijiligi, watançylyk ruhynda terbiýeleýän şygyrlary dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Elbetde şahyryň bu günki günde watançylyk, zähmetsöýerlik, mertlik, edep-ekramlylyk dogrusyndaky şygyrlary ýaşlarymyza uly sapak bolup hyzmat edýär. Maslahat duşuşygynyň ahyrynda şeýle ajaýyp döwürde okamaga, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýänligi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp köp sagbolsunlaryny aýtdylar.
Umyt BAÝHANOW,
TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher
Geňeşiniň başlygy.