Taryh üçin az wagt hem bolsa, Garaşsyzlygyny hem baky Bitaraplygyny gazanan Diýarymyzda milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde sanlyja ýyllaryň içinde asyrlara barabar işler bitirildi.
“Dialog – parahatçylygyň kepili”. Bu şygar sözden gurlan heýkel! Şahyryň şirin şygryndaky setirleri bilen aýdanymyzda, bir ýylyň tutýan eýýamlyk ady. Bu jaýdar jümle bir ýylyň däl, tutuş eýýamyň şygary. Bu şygar, diňe bir ýyla däl, şu güne çenli alnyp barlan işler netijesinde gazanylan beýik üstünliklere, mundan beýläk hem ýetiljek belent sepgitlere aýdyň häsiýetlendirme berýär. Çünki düýn, şugün, geljek - bularyň ählisiniň özeni hut şu şygarda jemlenýär. Bu şygar, “Watan diňe halky bilen watandyr» diýip, ýurt baştutanlygyna geçen ilkinji günlerinden bäri bitiren beýik işleri bilen halkymyzyň ýürek alkyşyny, çäksiz hormatyny we söýgüsini gazanan eziz Arkadagly Serdarymyza bolan beýik ynamyň nyşany.
Ýetip gelýän 2023-nji ýyla mynasyp at berilmegi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Etrek etrap Geňeşi tarapyndan orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň we edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda “Dialog – parahatçylygyň kepili”atly şygar bilen wagyz- nesihat, duşuşyk, çäresi geçirildi. Çäräniň ahyrynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, alyp barýan umumyadamzat bähbitli işleriniň mundan beýläkde öňe ilerletmekde hemişe rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw etdiler!
Rahmanberdi ABDYLWELIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýatynyň
Etrek etrap Geňeşiniň başlygy.