«DIALOG – PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI-HALKARA GATNAŞYKLARYŇ TÄZE FILOSOFIÝASY»

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi tarapyndan ýetip gelýän 2023-nji ýyly “Dialog-parahatçylygyň kepili” diýip atlandyrylmagy, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän “Türkmen keşdeçilik sungaty” hödürnamasy bu Guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Sanawyna girizmek hakynda çözgüdiniň biragyzdan kabul edilmegi şeýle-de paýtagtymyzda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahatynyň geçirilmegi mynasybetli hoşallyk duşuşygy geçirildi. Etrap Medeniýet öýüniň mejlisler zalynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen çärede çykyş edenler “Türkmenistan döwletimiziň parahatlyk ýoly bilen röwşen geljege tarap barýan döwründe ýurdumyzyň halkara giňişliginde barha abraýynyň ýokarlanmagy, Hormatly Prezidentimiziň parahatsöýüjilik syýasatynyň geriminiň giňeldilmegi ähli ýurtlaryň halklarynyň parahatçylykly ýaşamak däplerini pugtalandyrmakda, halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmakda tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendigini bellediler.

Şeýle-de, duşuşykda çykyş edenler ÝUNESKO-nyň bilermenleriniň türkmen el halyçylyk däplerini tutuş dünýäniň beýik medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar etmeginiň bu milli gymmatlygymyzyň daşary ýurtlardaky abraýyny has belende galdyrjakdygy, has giň gerimli meşhurlyga eýe etjekdigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

 

Şirinnabat SARJAGULOWA,

TMÝG-niň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR