TÜRKMEN HALYSY

Türkmen halysy - türkmen halkynyň medeni gymmatlyklarynyň esaslarynyň biridir. Ussat türkmen halyçylary köp asyrlaryň dowamynda özboluşly halyçylygyň aýratynlyklaryny gorap saklapdyrlar. Bu senetçiligiň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilendigi örän guwandyryjydyr.

Ene-mamalarymyzyň naýbaşy el işleriniň biri bolan türkmen halylary, ýekeje çitimden başlanyp döreýän gudratdyr, ol halkymyzyň milli gymmatlyklaryny, türkmeni dünýä tanadan ajaýyp sungatdyr. Gahryman Arkadagymyzyň haly sungatyna bagyşlan „Arşyň nepisligi“ atly ajaýyp eserinde „Haly – halkymyzyň gadymy hem müdimi sungatydyr. Gözelligi, nepisligi, öwşün atýan reňkleri bilen göreni haýrana goýýan halylar halkymyzyň ruhy ahwalydyr.“, diýip belleýşi ýaly, zenan kalbynyň näzikliginden, duýgurlygyndan, umyt-arzuwlaryndan döreýän älemgoşar öwüşginli türkmen halysyna taý geljek gözellik dünýäde ýok bolsa gerek. Halylarymyzyň türkmen tebigatynyň ösümliklerinden alnan, tebigy boýaglara boýalan ýüňlerden hem ýüpeklerden dokalmagy olaryň milli öwüşginini hasda artdyrýar. Iň nepis hem owadan halylaryň Türkmenistanda, türkmen zenanlary tarapyndan dokalandygy barada taryhy maglumatlarda hem aýdylyp geçilýär. Muňa mysal edip, 13-nji asyrda italýan syýahatçysy Marko Polonyň türkmen topragynda syýahatda bolanynda „Bu ýerde iň gözel halylar dokalýar“ diýip bellemegi, ýöne ýerden däldir.

Ene-mamalarymyz türkmen halysynyň asyrlara aşýan kämil nusgalaryny döredipdirler. Şeýle ajaýyp haly sungatyna hem-de ol gudraty döreden halyçy ene-mamalarymyza aýratyn hormat-sarpa goýýan Arkadagly Serdarymyz elmydama türkmen halylaryny öwrenmek, milli mirasymyz hökmünde gorap saklamak, gadymy hem müdimi senedimizi ýaşlara miras goýmak  barada yzygiderli nygtaýar. Gahryman Arkadagymyz „Paýhas çeşmesi“ atly eserinde „Gözelligi, nepisligi, öwşün atýan reňkleri bilen göreni haýrana goýýan halylar halkymyzyň ruhy ahwalydyr“ diýip belleýär. Türkmen halkynyň durmuşyny halysyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Türkmen halkynyň kalbyny ýyladýan halylar biziň döwletli ojaklarymyzy, köşk-eýwanlarymyzy bezeýär. Şeýle ajap nepis halylary bolsa biziň Balkan welaýatymyzyň Gyzylarbat etrabymyzdaky Çeper halyçylyk kärhanasynda zähmet çekýän ezber elli gyz-gelinlerimiz dokaýar. Biziň Çeper halyçylyk kärhanamyzda orta mekdeplerde bilim alýan ýaş gyzlarymyz yzygiderli bolup halyçylyk sungatymyzyň inçe syrlaryny öwrenýär. Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, bu gün türkmen halylarynyň şöhraty dünýä doldy. Ol halylar indi dünýäniň islendik ýurdunda tanalýar.

Bu gün dünýäde deňsiz taýsyz sungat eseri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyndan mynasyp orun alan türkmen halysy ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi bolsa, onuň halkara derejedäki hormatyny we sylagyny ýene-de bir gezek bütin dünýä aýan etdi.

Türkmen haly sungatynyň dünýä meşhurlygyny gazanmakda giň mümkinçilikleri döreden, gadymy hem müdimi senedimiz bolan ajaýyp halylarymyza goýýan belent sarpasy üçin Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Her bir işde nusga bolup, halkymyzy şeýle eşretli günlere getiren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza bu gün her bir türkmen ýaşlary müň kerem alkyş aýdýar.

 

Oguljahan WELIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR