Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda şahsyýet, maşgala, jemgyýet bilen baglanyşykly ençeme milli däp- dessurlary, edim – gylymlary döredipdir. Olaryň ählisi biziň üçin ahlak ýörelgeleridir. Parasatly pederlerimiz ynsanyň içki hem daşky gözelligini görkezýän närsäniň onuň durmuşda özüni alyp barşyndadygyna, edebindedigine, terbiýesindedigine, ahlagyndadygyna göz ýetiripdirler. Aslyýetinde, nesil terbiýesinde zenan ahlaklylygyna, adamkärçiligine degişli wagyz-nesihatlardyr, maslahatlary ýaşlygyndan olaryň gulagyna guýmak örän wajyp işdir. Bu ýörelge durmuş tejribesinde synagdan geçen hakykatdyr. Sebäbi maşgala- döwletiň kiçijik bir agzasy, gaýtalanmajak dünýäsi hasaplanýar. Şunlukda türkmen maşgalasynda gyz edebi, çaga terbiýesi ýaly häsiýetler üns merkezinde saklanylýar. Şonuň üçinde türkmen halky maşgala edebini milli däp- dessur esasynda ýöredýär.
Hawa, her bir zenanyň içki oý-pikirleriniň we akyl- üşüginiň daşky lybasy hökmünde salyhatly, gelşikli, saýhally geýinmegiň medeniýeti, gyz-gelinlerimiziň tebigy owadanlygyny janlandyrýan daş keşpleri hem türkmen halkyny beýleki halklardan has-da tapawutlandyrýar. Muny bolsa, dürli döwürlerde türkmen topragyna syýahat eden alymlaryň, etnograflaryň türkmen gelin-gyzlarynyň ýüz keşpleriniň tebigy owadanlygynda, geýinmek medeniýetiniň has hem millilikdiginde gürrüň bermeklerinde aýdyňlygy bilen görmek bolýar. Hakykatda hem, atalarymyzyň “Milli ýörelge- köpe görelde” diýişleri ýaly, ajaýyp zamanamyzda ýaşaýan ýaşlarymyz, gelin- gyzlarymyz hem türkmeniň şeýle däp- dessurlaryna eýerip, milliligimizi, ahlaklylygymyzy, edep-ekramlylygy goramakda özleriniň mynasyp goşandyny goşýarlar.
Biz hem Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň 15-24-nji bentlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşleri bilen bilelikde welaýatymyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçy gyzlarynyň, ýokary okuw, orta hünär okuw mekdepleriň talyp gyzlarynyň arasynda “Gyz edebi-il edebi ”, “Gyz edebi-ahlak arassallygy”, “Gyz edebi-ahlak gözelligi”, “Gyz edebi sandykda” ýaly wagyz-nesihat çärelerini yzygiderlilikde geçirip durýarys. Geçirilýän çärelerde, ajaýyp zamanamyzda ýaşaýan gelin-gyzlarymyzyň türkmeniň şeýle däp-dessurlaryna eýerip, milliligimizi, ahlaklylygymyzy, edep-ekramlylygy goramakda yzygiderlilikde işler alnyp barylýandygy dogrusynda buýsanç bilen bellenilýär.
Mahlasy, bagtyýar zamanamyza aýdym bolup gelýän arzyly günleriň gujagynda ýaşamak we işlemek, döretmek we gurmak biz ýaşlar üçin uly bagtdyr. Bu bagtdan paýly bolan ýaşlar üçin bolsa, taryhy işlere gatnaşmak mertebe hem beýik derejedir. Şeýle buýsanjyň eýeleri bolan türkmen ýaşlarynyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan alkyşlary çäksizdir.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Aýjeren GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.