SPORT-ÝAŞAÝŞYŇ GÖZELLIGI

Parahat we asuda döwletde ösüşler durnukly häsiýete eýe bolýar. Şol ösüşleriň hereketlendiriji güýjüniň sagdyn we ruhubelent ýaşlarydygy üçin bu wezipäni üstünlikli amala aşyrmak boýunça bedenterbiýä we sporta uly üns berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çalt depginlerde ösmeginde we özgermeginde bilimli, ylymly giň dünýägaraýyşly, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän, berk bedenli, ruhy-ahlak taýdan sagdyn ýaşlary ösdürip ýetişmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary derejeli sporty ösdürmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlar raýatlaryň arasynda, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini özlerine hemişelik hemra edinenleriň sanynyň gün-günden artmagyna getirýär.

Halkymyzyň sport bilen meşgullanmagy aýratyn hem ýaşlary beden we ruhy taýdan gujur-gaýratly, güýçli edýär, beýik ýeňişlere ruhlandyrýar. Şol sebäpden hem ýurdumyzda sagdyn nesliň kemala gelmegine gönükdirilen sagdyn durmuş ýörelgeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryñ ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, olaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek, tertip-düzgüni berkitmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşyklaryny, köpçülikleýin sport çärelerini yzygiderli geçirýär. Ruhubelentlik bilen guralýan sport çäreleri ýaşlaryň kalbynda dostluk duýgusyny terbiýeläp, olary sagdyn ýaşaýyşa gönükdirýär.

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşi Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasyndan ugur alyp ýaşlaryň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek maksady bilen etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň “Garagum” sport mekdebiniň ýaş türgenleriniň arasynda dürli sport bäsleşiklerini geçirdi. Geçirilen bäsleşikde ýeňiş gazanan ýaş türgenlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Ogulbagt AMANMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Garagum etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar