TÄZE ÝYLYŇ ÖWÜŞGINI

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gün-günden gül açyp, ösýän Diýarymyzda toýlar goşa-goşadan gelýär. Bosagymyzda duran ýene bir baýramlaryň biri hem Täze ýyl baýramydyr. Bu baýram maşgala baýramy bolmak bilen, ol hemmelere şatlyk paýlaýar. Täze ýyl baýramy mynasybetli biziň gözel Watanymyzda uly dabaralar şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär. Ýurdumyzda tamamlanyp barýan 2022-nji ýylymyzy taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylyp, geljek-2023-nji ýylymyzy hem şatlyk-şowhun, uly dabara bilen garşylamagy maksat edinýän halkymyz baýramçylyk çärelerine uly höwes bilen gatnaşýarlar.

Ýakynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky  Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, etrap häkimligi, etrap bilim bölümi, etrap medeniýet bölümi, etrap Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda Ýolöten şäherindäki “Bagtyýarlyk şuglasy” atly medeni dynç alyş merkezinde etrabyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde bilim alýan öňdebaryjy okuwçy ýaşlaryň we çagalar baglaryna gatnaýan körpeleriň gatnaşmaklarynda “Täze ýylyň öwüşgini” ady bilen baýramçylyk çäresi teleýazgy edildi. Bu çärede medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ata Watanymyzy, Arkadagymyzy şeýle hem ýetip gelýän Täze ýylymyzy wasp edýän aýdym-sazlary, çagalar sungat mekdebine gatnaýan çagalaryň her bir şirin owazly sazlary bilen belentden-belent dabaralandyrylan baýramçylyk çäresi diýseň gyzykly boldy.

Şanly seneleri ýurdumyzda giňde bellemäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Maksat ANNAGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten

etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar