Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ýaş nesillerimize daşary ýurt dillerini öwretmek meselesine aýratyn üns berilýär. Hakykatdan hem, her bir dil medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, halkyň medeni-mirasynyň açary hökmünde hyzmat edýär. Adamzat aragatnaşygyndaky möhüm hyzmaty ýerine ýetirýän dil-jemgyýetçilik aňyýetindäki öňdebaryjy pikirleriň, döredijilikli işiň esasy guralydyr. Dil bilmek- bu halklaryň dostlukly, parahatçylykly gatnaşyklaryny berkitmekde, medeni-gumanitar gatnaşyklaryny ösdürmekde, şahsyýetiň ruhy dünýäsini giňeltmekde ähmiýeti örän uludyr. Bir söz bilen aýdylanda, dil bilmek- dünýäniň ähli halklarynda uly mertebe, baýlyk hasap edilýär we ol islendik ýerde uly hormata, sylaga mynasyp bolýar.
Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda ýaş nesle daşary ýurt dilleriniň okadylmagyna döwlet derejesinde üns berilmegi örän guwandyryjydyr. Çünki kämil ýaş hünärmenler Watanymyzyň şu günki güýji, ertirki kuwwatydyr. Ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleri boýunça döwrebap meýilnamalar esasynda yzygiderlilikde okuwlar geçirilýär. Bilşimiz ýaly “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” hem-de ony durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy we bu Konsepsiýa laýyklykda, dil öwretmek bilen baglanyşykly täzelikleri durmuşa ornaşdyrmak, bilimiň ähli basgançaklarynda bäsleşige ukyplylygy ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň täze tapgyryny durmuşa geçirmek ýaly aýdyň maksatlar öňde durýar.
Biz hem, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri bolup, dil bilmek zerurlygyny göz öňünde tutup her ýylda daşary ýurt dillerini bilýän mekdep okuwçylaryň, talyp ýaşlaryň arasynda dilleri öwrenmek we çuňlaşdyrmak boýunça yzygiderli medeni-çäreleri, döredijilik bäsleşikleri we maslahatlary ýörite tassyklanan meýilnamalar we düzgünnamalar esasynda geçirip durýarys. Geçirilýän her bir çäreler ýaşlaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmeklerinde, dürli medeniýetler bilen tanyşmaklarynda uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän uly ynamyndan ruhlanyp, eziz Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlarymyzyň arasynda köpçülikleýin çäreleri yzygiderlilikde geçirip, daşary ýurt dilleri has hem baýlaşdyrmakda özlerimiziň mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys. Goý, Türkmenistanyň ýaşlarynyň bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamaklary, okamaklary, öwrenmekleri we döretmekleri üçin taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutýan il-ýurt, umumyadamzat bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Maýa AKMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň
esasy hünärmeni.