Täze ýyl baýramçylygy örän üýtgeşik, jadyly baýramçylyk. Sebäbi täze ýyl ähli ynsanlaryň kalplaryna nur paýlap, uly-uly umytlara, owadan arzuwlara besleýär. Bu baýramçylyk ajaýyp bir dünýewi baýramçylyk bolup, dünýäniň ähli künjeginde ýyldan ýyla geçiş baýramy hökmünde giňden bellenilýär. Täze ýyl baýramy maşgala baýramçylygy hökmünde hem meşhurdyr. Täze ýyl gijesi mukaddes ojaklarda dürli naz-nygmatlardan, milli tagamlardan doly saçaklar giňden ýazylyp, birek-birege çyn ýürekden çykýan süýjüden-süýji arzuwlar aýdylýar.
Häzirki günlerde Mary welaýatynda hem täze ýyl baýramçylygynyň dabaralary şatlyk şagalaňa beslenýär. Ine şunuň ýaly baýramçylyk dabaralarynyň birini ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi Türkmenistanyň Serhet gullugynyň Mary şäherinde ýerleşýän harby bölümleri bilen bilelikde Mary şäherindäki “Goşa gumry” toý mekanynda gurnadylar. Bu dabara “Hoş geldiň täze ýyl, bagtdan paýly Diýara!” diýip atlandyryldy. Dabaranyň dowamynda harby gullukçylaryň we welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren joşgunly täze ýyl aýdymlary, köpöwüşginli çykyşlary baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny has-da artdyrdy. Täze ýyly garşylamak dabarasyny gaýtalanmajak hem-de ýatda galyjy çärä öwren bu täsin baýramçylyk dabarasy gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Çärä gatnaşan bagtyýar ýaşlar Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy we bütin türkmen halkyny täze ýyl baýramçylygy mynasybetli gyzgyn gutladylar.
Annagözel SARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.