“GEL, TÄZE ÝYL, ŞAN BERIP BU DÖWLETLI DÖWRANA!”

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat  Geňeşi, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komiteti, Balkanabat şäherindäki Ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdepleri bilen bilelikde  Balkanabat şäherindäki Altyn-Nur” toý mekanynda “Gel, Täze ýyl, şan berip bu döwletli döwrana!” ady bilen Täze ýyl baýramy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäresini geçirdi. Ýokary buýsanja beslenen çärede aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Gazanylýan ajaýyp üstünlikleriň gözbaşynda durýan Arkadagly Serdarymyza ýaşlaryň adyndan aýdylan alkyş sözleri dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Täze ýyl baýramy mynasybetli geçirilen çärede talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowamaty dowam bolan Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli tutumly işlerini wasp edýän aýdymlar, sazlar ýaňlandy. Belentden-belent ýaňlanan hoş owazly aýdym-sazlar, döredijilik toparlarynyň joşgunly tanslary, gazallary, küşdepdileri baýramçylyga özboluşly bezeg berdi. Welaýatymyzyň bagtyýar ýaşlary geçirilen baýramçylyk çäräniň dowamynda biz ýaşlara şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren, işlemäge, döretmäge, halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip beren Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler. Gahryman Arkadagymyzy Arkadagly Serdarymyzy külli türkmen halkymyzy ýetip gelen Täze 2023-nji ýyl bilen tüýs ýürekden mähirli gutladylar. Ata Watanymyz, mähriban halkymyz, nurana geljegimiz üçin dünýä nusgalyk taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň belent bolmagyny tüýs ýürekden arzuw  etdiler!

 

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR