“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän hossarlyk we howandarlyk ýörelgelerine eýerip ýurdumyzyň ýaş nesli barada hemmetaraplaýyn alada, olaryň bagtly durmuşda ýaşamagy we sazlaşykly ösmegi, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn nesliň kemala gelmegi üçin zerur şertleri döretmek maksady bilen Magtymguly etrap Arçynlygynda TMÝG-niň Magtymguly etrap Geňeşiniň gurnamagynda “Döwletli tutumlar – berkararlygyň binýady” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu maslahata il sylagly ýaşulylarymyz, etrap arçynlygynyň işgärleri hem gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda myhmanlar ynsanperwerlik, ýagşylyk, birek-biregi goldamak ýaly asylly ýörelgeler asyrlar boýy türkmen halkynyň häsiýetleriniň özenini düzýär. Bu ýörelgeler çaganyň kanuny bähbitlerini üpjün etmegiň we goramagyň hukuk kepillikleri hem-de mätäç çagalaryň jemgyýete uýgunlaşmagyna, olary özbaşdak durmuşa taýýarlamaga gönükdirilen ykdysady çäreler bilen utgaşyklylykda amala aşyrylýar diýip giňişleýin gürrüň berdiler.
Çykyş edenleriň aýtmaklaryna görä şu ýylyň mart aýynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Bu gazna Alym Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. Häzirki wagtda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr sahawat gaznasy netijeli işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň etraplaryndaky we şäherlerindäki hassahanalaryň çagalar bölümleri üçin döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Ata-babalarymyzyň çagalary aýratyn üns we alada bilen gurşap almak bilen bagly ajaýyp däpleri Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda döwrebap çagalar baglary, umumybilim berýän orta mekdepler guruldy we gurulmagy dowam edýär. Bu ugurda ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramak we berkitmek boýunça birnäçe işler amala aşyrylýar diýip belläp geçdiler. Myhmanlaryň çuňňur manyly gürrüňleri maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ata Watanymyzyň geljegi bolan çagalaryň saglygy we abadançylygy barada edýän atalyk aladalary üçin Ýaşlaryň Hak howandary Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza, hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Maýsa AÝYDOWA,
TMÝG-niň Magtymguly etrap
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.