Ýer ýüzünde iň saýlama atlar «ahalteke bedewi» ady bilen tanalýar. Ahalteke bedewleri bolsa dünýäde owadanlygy, ýyndamlygy bilen tapawutlanýan arassa tohumly, sap ganly türkmen atlary bolup, älem-jahanyň her bir ýerinde meşhurdyr. Olar halkymyzyň göz guwanjy şeýle hem gadymyýetden gaýdýan ata-baba ýol ýörelgelerimiziň, däpdir dessurlarymyzyň, edim-gylymlarymyzyň şaýady.
Ilimiziň şöhratly geçmişine ser salanyňda ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly ençeme ýagdaýlara duş gelýärsiň. Olaryň arasyndan atlaryň gahrymançylykly hereketlere şärik bolandyklaryny, şatlykly günlere şaýat bolandyklaryny, halkymyzyň söýgüsine mynasyp bolandyklaryny we beýlekilerini aýdyp bileris. Türkmen halkymyzyň arasynda «At agynan ýerinde toý bolar», «At rysgaly alnynda», «Ataň barka, dost gazan, atyň barka — ýol», «Agaç ekeni biler, at bakany», «Aty baryň ganaty bar, ogly baryň — döwleti», «At — ýigidiň diregi, haly — gyzyň ýüregi» ýaly atalar sözleridir nakyllar paýhas hazynasy bolup ýaşap ýör. At bilen baglanyşykly göçme manyda ulanylýan söz düzümleriniň şu wagta çenli ulanylyp gelnendigi hem halkymyzyň durmuşyndan ata uly ýer berendiginden nyşan. Olardan ata çykmak (söweşe şaýlanmak, göreş ýoluna düşmek), at salmak (atly hüjüme geçmek, atly okdurylmak ýa-da ýüzüň ugruna bir ýana ylgap gitmek, ulagly ýa pyýada bir ýana çalt eňmek), at güýji (ulag güýjüni ölçeýiş birligi), at oýnatmak (köpbilmişlik etmek, sapalak atmak, mönsüremek), atyň gulagy ýaly (tapawudy ýok, haýsy bolsa, şol bolsun, barybir), atyňy ýeke çapmak (öz eňegiňe tutmak, maslahata gelmän, ýeke çykmak, diňe öz pikiriňi dogry saýmak), at ýüzli (süýnmegräk ýüzli, uzynak, süýri ýüzli), at gaýtarym (bakylýan atlary yzyna gaýtarylýan aradaşlyk) ýalylaryny aýtmak bolar. Halkymyzyň ahalteke atlaryna durmuşyndan uly orun berendiginiň ýene bir subutnamasy halk döredijiliginde ene-mamalarymyzyň hüwdülerinde hem behişdi bedewlerimiziň adynyň agzalmagydyr:
Meniň jigim yşansyn,
Turup, bilin guşansyn.
Müň tümenlik aty bar,
Duşman ondan üýşensin.
***
Allan-allan atlanar,
Atlary haýbatlanar,
Gül ýüzüne Gün düşse,
Howalar bulutlanar.
Ahalteke bedewleriniň waspynyň ýetirilişine irki asyrlarda-da türkmen edebiýatynyň ägirtleriniň eserlerinde duş gelmek bolýar. Olardan Omar Haýýam özüniň «Nowruznama» eserinde: «Bu günki gün dünýäde hiç kim bedewleriň gadyr-gymmatyny, artykmaç ajaýyp we nogsan taraplaryny türkmenleriň bilişleri ýaly bilmeýär. Çünki olar gije we gündiz atçylyk bilen meşgullanýarlar. Hut şonuň üçinem türkmenler külli jahanda hökmürowanlyk sürýärler» diýip belläp geçýär. XI asyryň ägirtleriniň biri Mahmyt Kaşgarlynyň hem «Diwany lugat-at türk» eserinde atlar hakynda, atçylyk sungaty hakynda ep-esli maglumatlar berlipdir. Eserde atyň reňkleri hakynda şeýle maglumatlar bar: ugar at (maňlaýynda aklyk bolan at, sakar), ala at (iki hem şondan köp garyşyk reňkli at), kyr at (çalymtyl reňkli at, gyr at), bül at (aýagynda aklyk bar bolan at), torığ at (gyzgylt-mele at).
Sözlükde berlen at sypatlandyrmalary häzirki zaman türkmen dilindäki sözlerden az-kem tapawutly. Ozuk at (ozak at), olduk at (nalsyz at), ýandyk at (önelgesiz at), munduz at (galak at), ýügürgen at (ýüwrük at), ulaga (söweş aty).
Kaşgarly diwanda atlaryň ýaşy hakynda ök at (dörtýaşar at), syp at (ikiýaşar at) ýaly birnäçe sözleri beýan edipdir.
Ilimiziň milli buýsanjyna, gözelligiň we agraslylygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň şan şöhraty müňýyllyklardan bäri jahana dolup gelýär. At hakynda ýazylan goşgudyr aýdymlar şeýle hem döredilen sungat eserleri, düşürilen filmler halkymyzyň bedewlere goýýan sarpasynyň çäksizdigine güwä geçýär. 1972-nji ýylda Alty Garlyýewiň režissýorlygynda surata düşürilen «Meniň dostum Meleguş» filmi ýokardaky aýdylanlara mysal bolup biler. Halkyň Arkadagly
zamanasynda hem ýazyjydyr şahyrlar öz şygyr bentlerinde türkmen bedewleriniň waspyny çeper beýanyň üsti bilen ýetirýärler.
At üstünde «Galkynyşy»,
Dünýä belli «Ak han» aty,
Munda ýaşap ýöreniňe,
Galkyn göwün, kak ganaty.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň edebiýatynda Gahryman Arkadagymyz hem döredijilik adamlaryna görelde bolup, dal bedewlerimizi wasp edýän ajaýyp kitaplary öz halkyna peşgeş berdi. Mähriban Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Gadamy batly bedew», «Ganatly bedewler» atly kitaplary her bir ynsanyň kalbynda türkmen bedewlerine bolan söýgini, guwanjy has-da artdyrdy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň paýtagtynyň hem-de welaýatlarynyň gözel künjeklerinde atçylyk sport toplumlarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, aýlawlarda seýisçilige, atşynaslyga, çapyksuwarlyga höwesjeň ýaşlaryň tälim almaklary üçin ähli mümkinçilikleriň döredilip berilmegi, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň döredilmegi döwletimiziň ahalteke bedewlerine hormat goýýandygynyň aýdyň kepilidir.
Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda gamyş gulak bedewlerimiz gözelligi, ýyndamlygy bilen bütin älemi özüne bendi edýär. Goý, mundan beýläk-de ata-babalarymyzyň mirasy behişdi bedewlerimiziň heňňamlar aşyp gelýän at-owazasy has-da dabaralansyn.
Kerimberdi HAKBERDIÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň
IV ýyl talyby.