Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gyzylarbat etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde etrabyň çäginde hereket edýän orta mekdeplerde bilim alýan mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen Gyzylarbat etrap Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç çäresini gurady. Bu gyzykly hem-de, täsirli guralan gezelenç çäresinde Gyzylarbat etrap Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgäri ilkinji ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy Welbekowa Oguldöwlet çykyş edip ol öz çykyşynda Gyzylarbat etrap Taryhy we ülkäni öwreniş müzeýinde şekillendirip häzirki günlerimizde mukaddes ýer hökmünde tanalýan gadymy “Paraw” galasynyň ýadygärligi barada giňişleýin okuwçylara gürrüň berdi. Gahryman Arkadagymyz, özüniň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda bolsa “Paraw” galasy barada has içgin beýan edýär. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz taryhy ýadygärliklerimize ony içgin öwrenmäge giň ýol açdy. Şeýle mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri gezelenç çäresine gatnaşýan ýaşlara ýurdumyzda bar bolan taryhy ýadygärliklerimiz barada, ony geljekki nesillerimize baýlaşdyryp ýetirmek taryhy öwreniş muzeýiniň agzybir işgärleriniň paýyna düşýär diýip öz sözünde buýsanç bilen belledi. Sözüniň ahyrynda bolsa ýaşlar üçin döredip beren ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp-köp sagbolsunlaryny aýtdy!
Aýbibi TÄÇMYRADOWA,
TMÝG-niň Gyzylarbat etrap
Geňeşiniň uly buhgalteri.