Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim edaralarynyň ähli basgançaklarynda bilim berlişiniň derejesini düýpli ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň irki ýaşdan başlap, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär.
«Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020—2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasy» ösüp gelýän ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň, saglygynyň, mekdebe taýýarlygynyň talabalaýyk bolmagyny göz öňünde tutýar.
Mälim bolşy ýaly, çaganyň beden taýdan sagdyn ösmeginde çagalar edaralarynda hereket edýän gurnaklaryň örän uly ähmiýeti bardyr. Gurnaklar körpelere bilim we terbiýe bermekde goşmaça çeşmedir. Bu gurnaklar körpeleri çagalar bagynyň milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan ýönekeý bilimleriň birnäçesi bilen yzygiderli, tanyşdyrýan bir maksat boýunça alnyp barylýan pedagogik işdir. Gurnaklar körpeleriň irki döwründen başlap, durmuş endiklerini we başarnyklaryny ösdürmäge, zehinini ýüze çykarmaga, olaryň akyl ýetiriş ukyplaryny ösdürmäge, syn edijiligini, bilesigelijiligini, ugurtapyjylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Olar çaganyň ahlak, zähmet hem-de gözellik terbiýeleriniň dogry guralmagyna kömek edýär.
Gurnaklar birnäçe görnüşleri öz içine alýar. Muňa mysal hökmünde, «Bedenterbiýe gurnaklary» görkezmek bolar. Bu gurnakda körpeler türgenleşýärler, maşklary ýerine ýetirýärler. Şeýle hem bu gurnakda körpeje küştçüleri ýa-da körpeje şaşkaçylary taýýarlamak bolar. Munuň özi körpelerde sporta bolan gyzyklanmany kemala getirer. Şonuň bilen bir hatarda küşt, şaşka oýunlaryny öwrenmeklerine ýardam eder. Şeýle hem bu gurnakda sportuň beýleki görnüşleri bilen, mysal üçin pökgi bilen oýnalýan oýunlar, ýagny futbol, basketbol oýunlary bilen tanyşdyrmak bolar.
Körpeleriň aňlaryny ösdürmek boýunça ýörite gurnaklar bolup biler. Bu gurnaklarda bolsa «körpeje alymlar» diýip olar höweslendirilýär. Esasan hem älem giňişlikleri we ýyldyzlar suratlar arkaly tanyşdyrylýar.
Durmuş ähmiýetli we döredijilik gurnaklarynda dürli hünärler hakynda düşünje berilýär. Şeýle hem körpeje aşpez, körpeje bagban, körpeje gurluşykçy diýip höweslendirilýär. Şunda «El hünäri il gezer», «Dil bilen dünýäni gezer» ýaly nakyllar hakynda düşündirilýär.
Bu gurnaklarda körpelere islän ugurlarynda kämilleşmäge şert döredilýär. Şeýle gurnaklaryň üsti bilen olarda hünärlere, bilimlere bolan gyzyklanmalary döretmek, dürli ugurlara degişli başarnyklary kemala getirmek bolýar. Oýunlaryň, sport çäreleriniň üsti bilen çagalaryň alýan bilim-terbiýesiniň netijeliligini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.
Ogulgerek ANNAGELDIÝEWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň
baş hünärmeni.
Mugallymlar gazeti. 11.01.2023ý.