Türkmen halky kitaba, ylym-bilime uly sarpa goýýar. Şonuň üçin hem halkymyzda kitap okamak, bilim öwrenmek asylly ýörelge hökmünde ýöredilip gelinýär. Biz muny köpsanly golýazma çeşmelerinden hem, akyldarlarymyzyň edebi mirasyndan hem aýdyň görýäris. Bu bolsa kitap we kitap okamagyň nesil terbiýesinde hem uly ornunyň bardygyny subut edýär.
Geçmiş mirasymyzda golýazma çeşmeleriniň, gadymy kitaplaryň bardygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr, çünki bu gymmatlyklar şu toprakda ylmyň ösdürilendigini beýan edýär. Esasan hem golýazma çeşmeleri türkmen topragynda gadymy kitaphanalaryň bardygyny, olarda örän köp kitaplaryň saklanýandygyny habar berýär. Bu golýazma çeşmelerinde beýan edilýän maglumatlaryň yzlaryny taryhy ýerlerimizde, arheologik tapyndylarda hem görmek bolýar. Ynha, Gadymy Merwde, Köneürgençde müňýyllyklardan galan binalarda kitaphanalaryň yzlary bar. Bu bolsa golýazma çeşmeleriniň gymmatly maglumatlaryndan habar berýär. Bütin Gündogarda hem-de dünýäde meşhur bolan şeýle kitaphanalarda alymlar bilim öwrenipdirler, gymmatly kitaplar bilen tansy bolupdyrlar. Şeýle kitaphanalarda öwrenen ylymlaryndan peýdalanyp, alymlar şol döwürlerde dürli ugurlara degişli kitaplary hem ýazypdyrlar.
Gadymdan gelýän gymmatly golýazma çeşmeleri ylym-bilimde möhüm gollanmadyr. Çünki türkmen halkynyň owal-ahyrda iň ezizlän ruhy gymmatlyklarynyň biri kitap bolupdyr. Onuň täsiri dogrusynda-da aýdylýan tymsallar sanardan juda kän, sebäbi kitap dünýädäki iň uly ähmiýetli hazynany—sözbaýlygyny özünde jemleýär. Adamzat durmuşynyň beýanyny, taryhyny, şu günüň habaryny, geljegiň umytlaryny we maksatlaryny kitap gatlaryndan tapyp bilýäris. Şonuň üçin hem ylym-bilimiň, sowatlylygyň gözbaşy, paýhaslar ummanyny özünde jemleýän kitaby halkymyz dürler hazynasyna deňeýär. Kitap mähirli dostdur, şeýle hem adamzat durmuşy baradaky maglumatlaryň baý çeşmesidir.
Häzirki ajaýyp döwrümizde elektron kitaphanalarynyň köpelmegi, olardaky edebiýatlaryň hem-de maglumatlaryň baýlaşmagy ylmyň dürli pudaklarynda işleýän türkmen alymlaryna, dürli kärdäki hünärmenlere gerek bolan kitaplary we döwürleýin neşirleri okamaga mümkinçilik berýär. Ylmy we çeper edebiýatlar, metbugat eserleri kitaphanalarda jemlenilip, jemgyýetiň maglumat talaplaryny kanagatlandyrýar. Tehnologiýalaryň şeýle tiz ösýän döwründe elektron kitaphanalar maglumat saklamagyň ygtybarlylygyny artdyrýar. Elektron kitaphanalar maglumatlary, edebiýatlary saklaýjy we habar beriş ulgamy bolup, ol maglumatlaryň elýeterliligini döretmäge hem-de giňeltmäge niýetlenilendir. Okuw mekdeplerinde electron kitaphanalarynyň gory döredildi, bilim portaly işe girizildi. Bularyň hemmesi ylym-bilim öwrenmäge, kitap okamaga, dünýägaraýşyňy baýlaşdyrmaga döwrebap mümkinçilikleriň döredilýändigini beýan edýär.
Gülnar MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky
Döwlet çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçysy.
Mugallymlar gazeti. 16.01.2023ý.