Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda ylym-bilim, edebiýat hem ösdürilipdir we gymmatly golýazma çeşmeleri miras galypdyr. Hut şeýle golýazma çeşmeleri, nusgawy edebiýatymyzyň gymmatly hazynasy ene dilimiziň baýlygydyr, çünki dil baýlyklary nusgawy edebiýatlarda, kitaplarda saklanýar, halkyň sözleýşinde ösýär, özgerýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde dilimiziň baýlyklaryny ýaş nesillere öwretmek milli terbiýäniň özeni bolup durýar. Ene dilimize, nusgawy edebi- ýatymyza oňat düşünýän ýaşlar watansöýüji şahsyýetler bolup kemala gelýär.
Milli mirasymyzy, şöhratly taryhymyzy, ene dilimizi ylmy esasda öwrenmek we wagyz etmek edebiýatçylaryň, dilçi alymlaryň asylly ýörelgesine öwrüldi. Munuň özi ýaş nesillerimiziň ene dilimiziň baýlyklaryna düşünmeklerine, edebi dilde medeniýetli sözlemeklerine oňat ýardam edýär, çünki sözleýiş we sözleýiş medeniýeti adamyň lingwistik düşünjesiniň alamaty bolup durýar. Sözleýiş medeniýetiniň has kämil bolmagynda diliň baýlyklaryny, sözleriň manysyny kämil bilmek gerek bolýar. Munuň özi sözleýän adamynyň dil medeniýeti, lingwistik düşünjesi bilen pugta baglanyşykly bolýar. Sözleýän adam diliň söz baýlyklaryna, many-mazmunyna oňat düşünýän bolsa, ol pikirini beýan etmegiň kämil usulyny ulanyp bilýär.
Ene dilimizde diňe bir sözlänimizde däl-de, eýsem, ýazanymyzda hem sowatly ýazmak, sözleri manysyna görä beýan edip bilmek zerur bolup durýar. Şu ugurdan ýaş nesillere ýazuw kadalaryny, dilimiziň grammatikasyny öwretmek türkmen dilini okadýan mugallymlaryň esasy ugry bolmalydyr. Munuň üçin orta mekdeplerde türkmen dili sapaklarynda stilistika, leksikologiýa barada düşünje bermek ýola goýuldy. Bu sapaklaryň oňat özleşdirilmegi ýaşlaryň geljekki hünärine hem täsir edip biler, çünki geljekde öz hünärini beýan etmekde, ylmy işleri ýazmakda ýa-da döredijilikde ene dilimiziň ýazuw kadalary, stilistik normasy gerekdir. Şonuň üçin hem orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara ene dilimize söýgi döretmek we ýazuw kadalaryny öwretmek baş maksadymyz bolup durýar.
Ene dilimizi ylmy esasda öwrenmek, geljek nesillere geçirmek asylly ýörelgedir. Ene dilimizi çuňňur bilýän watansöýüji ýaşlar biziň geljegimiz bolup durýar. Olar geljekki kämil hünärmenler, alymlar bolup, ýurdumyzyň ösüşlerine uly goşant goşarlar. Ene dilimizi öwrenmäge, ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Ruslan ABDYÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň mugallymy.
Mugallymlar gazeti. 16.01.2023ý.