Çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň, saglygynyň, mekdebe taýýarlygynyň talabalaýyk bolmagyny göz öňünde tutup, mekdebe çenli ýaşly çagalaryň ýönekeý matematiki düşünjelerini ösdürmekde öwrediji oýunlaryň uly ähmiýeti bar.Ýönekeý matematiki düşünjeleri öwretmekde peýdalanylýan öwrediji oýunlar birnäçe toparlara bölünýär, ýagny olara sanlar bilen oýunlar, wagt düşünjelerini öwretmek boýunça oýunlar, ugur kesgitlemegi öwredýän oýunlar, geometrik şekiller bilen geçirilýän oýunlar, pikirleniş ukybyny ösdüriji oýunlar degişli bolup durýar.
Çagalara 10-a çenli öňe we yza sanamagy öwredýän oýunlar hem bar. Ertekileriň esasynda oýunlar guralyp, dürli predmetleriň toparlary deňeşdirilip, çagalar 1-den 10-a çenli sanlar bilen tanyşdyrylýar. San tagtasyndaky ýerleşdirilen predmetleriň toparlary deňeşdirilýär we çagalara sanlary yzygiderlilikde ýerleşdirmek tabşyrylýar. «Haýsy san ýitdi?», «Näçe?», «Ýalňyşlygy düzet!», «Sanlary kemeldýäris», «Goňşulary atlandyr!» ýaly öwrediji oýunlary dine sapakda däl-de, sapakdan daşary pursatlarda hem oýnatmak mümkin. Şeýle oýunlar arkaly, 10-a çenli sanlary erkin ulanyp, çagalaryň öz hereketlerini sözler bilen düşündirip bilmegi gazanylýar. «Goňşulary atlandyr!» oýnunda çagalar tegelek bolup durýarlar. Terbiýeçi tegelegiň ortasynda durup, çagalaryň birine her tarapynda san belgisi ýerleşdirilen oýnawajy oklaýar. Çaga oýnawajyň ilki öz ýanyndakysynyň sanyny aýdýar, soňra onuň öňünden we yzyndan gelýän sanlary aýdýar. Mysal üçin: «5» goňşulary «4» we «6».
«Sany ýatdan belle!», «San, seniň adyň näme?», «Jedweli düz!», «Sany düz!», «Kim bilmeşek?», «Kim birinji aýdar?» ýaly öwrediji oýunlar sapakda hem-de sapaklardan daşarky pursatlarda ulanylyp, çagalaryň ünslüligini, ýatkeşligini, pikirlenmek ukybyny ösdürýär. Mysal üçin: «Üzülen sanlary tap!», «Sanlaryň içinden aýdylan sany tap!», «Sanamagy dowam et!», «Ýalňyşman sana we aýt!», «Meňzedip düz!» ýaly oýunlar çagalarda ýönekeý matematiki düşünjeleri ösdürmekde ähmiýetlidir.
«Ýalňyşman sana!» oýny tertip sanlaryň yzygiderliligini özleşdirmegi, çagalaryň sanlary öňe we yza sanamak endiklerini kämilleşdirýär. Oýun pökgi bilen oýnadylýar we çagalar ýarym tegelek bolup durýarlar. Oýun başlamanka terbiýeçi çagalara sorag berýär: «Nähili sanamaly? Öňemi ýa yza?» Soňra pökgini çaga oklap, sany aýdýar. Pökgini gapan çaga şol sanyň yzyny dowam etdirýär. Oýun çalt depginde geçirilýär. Ýumuşlar köp gezek gaýtalanylyp, mümkin boldugyça köp çaganyň oýna gatnaşmagyny gazanmaly. Tertip sanlary berkitmek üçin ertekileriň gahrymanlarynyň suratlaryny, jedwelleri ulanmak oňaýlydyr. «Sanlar Ýartygulaklara myhmançylyga barýarlar, haýsy san ilkinji barýar, onuň yzyndan haýsy san ýöreýär?». Soraglaryň üsti bilen tertip sanlary ýatda saklamak endikleri berkidilýär.
Matematiki oýunlaryň ikinji topary (wagt düşünjelerini öwretmek boýunça syýahat oýunlar) çagalary hepdäniň günleri bilen tanyşdyrýar. Terbiýeçi çagalara hepdäniň günleriniň hersiniň özüniň adynyň bardygyny düşündirýär. Çagalar hepdäniň günlerini ýatda saklar ýaly, olaryň hersini dürli reňkli tegelekler bilen bellemeli. Toparda hepdäniň her bir gününi reňkli tegelek bilen belläp, birnäçe hepdäniň dowamynda terbiýeçi bilen bilelikde synlama geçirmeli. Munuň maksady çagalar hepdäniň günleriniň yzygiderliliginiň üýtgemeýändigi barada özbaşdak netije çykaryp bilmegini gazanmakdyr. Hepdäniň günleriniň atlary çagalaryň ýadynda galar ýaly dürli öwrediji oýunlar bar. Çagalar «Janly hepde» atly oýny uly höwes bilen oýnaýarlar. Oýny oýnamak üçin 7 çaga tagta çykarylýar. Olaryň hersine hepdäniň gününi aňladýan dürli reňkli tegelek berilýär. Mysal üçin: Duşenbe — ýaşyl tegelek, Sişenbe—sary tegelek we ş.m. Çagalar hepdäniň günlerini yzygiderlilikde düzýärler. Soňra oýun çylşyrymlaşdyrylýar. Çagalar hepdäniň günleriniň tertibine garamazdan, islendik bir gününden başlap hatara düzülmeli. Mysal üçin: Çagalar Çarşenbeden başlap, hatara düzülýärler. Soňra çagalara hepdäniň günleriniň, aýlaryň atlaryny we yzygiderliligini çalt ýat tutdurmak üçin «Çaltrak atlandyr!», «Hepdäniň günleri», «Goýberilen sözi aýt!», «Ýylboýy», «Ýylyň 12 aýy» ýaly öwrediji oýunlary oýnadyp bolýar.
Körpeleriň pikirleniş ukybyny ösdürmekde öwrediji oýunlary öwretmegiň hem özboluşly ähmiýeti bardyr. Bu oýunlar arkaly mekdebe çenli ýaşly çagalarda pikirleniş ukybynyň başlangyç esaslary emele gelýär. Öz pikirini beýan edip bilmek we netije çykarmak ýaly endikler ösdürilýär.
Mekdebe çenli ýaşly çagalarda ýönekeý matematiki düşünjeleri ösdürmek sapaklarynda hem-de sapakdan daşary çärelerde ulanylýan şular ýaly öwrediji oýunlar, ýumuşlar we gönükmeler 5-6 ýaşly çagalaryň pikirlenişini, ünslüligini hem-de aň-düşünjesini ösdürýär we okuw maksatnamasyny çalt özleşdirmäge ýardam edýär.
Ogulkeýik AMANOWA,
Aşgabat şäherindäki 142-nji çagalar
bagynyň terbiýeçi-usulçysy.
Mugallymlar gazeti. 18.01.2023ý.