SAPAGYŇ TÄSIRLILIGINI ARTDYRMAK

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler arkaly ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine, çagalara berilýän bilimiň hiliniň ýokarlanmagyna aýratyn üns berilýär. Bilimiň ähli basgançaklary bilen bir hatarda, umumy orta bilim edaralarynda zähmet çekýän pedagog mugallymlar hem bu işlere özleriniň mynasyp goşandyny goşýarlar.

Bilimiň binýady başlangyç synplarda goýulýar. Binýat berk bolsa, okuwçylaryň bilim derejesi ýokary bolýar. Şundan ugur alyp, okadýan synplarymyzda okuw-terbiýeçilik işlerini talabalaýyk, ýokary hilli guramaga çalyşýarys. Şu maksat bilen okuw-terbiýeçilik işimize täze innowasion usullary, tehniki serişdeleri ornaşdyrmaga aýratyn üns berýäris. Şonuň bilen birlikde, ak mekdebe ilkinji gezek gadam basýan çagalaryň bilimler dünýäsine aralaşmagyny guraýan başlangyç synp mugallymlaryna hem uly jogapkärçilik düşýändigine göz ýetirýäris.

Özi üçin täze bir dünýä — mekdep durmuşyna gadam basan birinji synp okuwçylary bilen işleşmegiň öz aýratynlyklary bar. Uly synplary we başlangyç synplary okadanyňda bilim bermegiň dürli usullaryny guramak zerurdyr. Şu babatda, ozaly bilen, her bir çaganyň aň ösüş aýratynlyklaryny içgin öwrenýäris. Çagalaryň sözleýiş diliniň kämilleşmegine, edep-kadalaryny berjaý edişine aýratyn üns berýäris. Sapaklaryň üsti bilen çagalarda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, akýüreklilik, ululara hormat goýmak, deň-duşlaryny sylamak ýaly endikleriň kemala gelmegini, çagalarda milli däp-dessurlarymyza, gözel tebigatymyza söýgi döretmegi we ony gorap saklamak barada düşünje bermegi maksat edinýäris.

Sapaklaryň täsirli guralmagynda oýunlaryň, onda-da öwrediji oýunlaryň ähmiýeti uludyr. Psihologiýa ylmynda oýun zähmet we okuw bilen bir hatarda, işiň bir görnüşi hökmünde görkezilýär. Şu nukdaýnazardan, oýnuň çagalar üçin uly işdigini, olara uly yhlas bilen ýapyşýandyklaryny bellemek zerur. Şonuň üçin çagalar bilen guraýan oýunlarymyza aýratyn döredijilikli çemeleşýäris, öwrediji oýunlary sapaklarda ýygy-ýygydan ulanýarys. Olary toparlara bölüp ýaryşdyrýarys.

Oýun çaganyň öz daşyny gurşap alan hakykatdan has-da gyzykly bir dünýä bolup görünýär. Çaga oýunlarda durmuş hakykatyny öz çaga düşünjesi bilen şöhlelendirýär. San we hasap, ululyklar we beýleki düşünjeler suratlardyr şekilleriň, oýunlaryň üsti bilen öwredilende garaşylýan netijeleri berýär, çünki oýun çaganyň esasy güýmenjesidir. Okuwçylar oýun oýnanlarynda olaryň göz öňüne getirmek ukyby ösýär. Aslynda, çagalar köplenç öz hyýaly pikirleriniň dünýäsinde ýaşaýarlar. Olarda oňat göz öňüne getirmek işi hakyky durmuş tejribesi bilen berk baglanyşykly bolup durýar. Elbetde, bu ýagdaýda çaganyň göz öňüne getirmek ukyby uly adamyňka seredeniňde ýönekeý bolýar. Uly ýaşdaky adama seredeniňde onuň durmuş tejribesi az bolansoň, çaganyň göz öňüne getirmek ukyby ýuwaş-ýuwaşdan kämilleşýär.

Başlangyç synp okuwçylary ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda ertekileri has gowy görýärler. Ertekiler bolsa ýaş nesli terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Ertekileriň gahrymanlarynyň ýokary ahlak sypatlary, halallyk, lebizlilik, wepadarlyk we beýleki ynsanperwer häsiýetleri çagalarda uly täsir galdyrýar, olarda şol häsiýetleri ýaşlykdan kemala getirmäge ýardam edýär. Okuwçylary gadymy kerwen ýoly bilen tanyşdyrmakda, ol barada maglumatlary bermekde ertekileriň uly ähmiýeti bar. Ertekileriň üsti bilen olar Garagumuň kerwen ýollaryna gaýybana syýahat edýärler. Bu bolsa olaryň göz öňüne getirmek, pikirlenmek ukyplaryny ösdürmekde ähmiýetlidir.

Bize—bilim işgärlerine hünär taýýarlygymyzy kämilleşdirip, tutanýerli zähmet çekip, ýaş nesli watansöýüji edip ýetişdirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Rahatjan ŞAMURADOWA,

Çärjew etrabyndaky 27-nji orta

Mekdebiň mugallymy.

Mugallymlar gazeti. 18.01.2023ý.

Meňzeş habarlar