Bilim we terbiýeçilik işinde çeper eserlerden peýdalanmagyň uly ähmiýeti bar. Çeper eser talyp ýaşlary taryhy geçmiş bilen tanyşdyrmagyň bir serişdesidir. Okuw işinde çeper eserleri peýdalanmak: taryhy maglumaty beýan etmegi güýçlendirmäge, taryhy wakalary anyklaşdyrmaga, talyp ýaşlarda geçmiş hakyndaky janly göz öňüne getirmäni kemala getirmäge ýardam edýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda taryhy şahsyýetlerimiziň çeper keşbini suratlandyrýan taryhy romanlaryň ençemesi döredildi. Şeýle eserlere ýazyjylar Ý.Mämmediýewiň «Alp Arslanyň dünýä inmegi», O.Ödäýewiň «Altynjan hatyn», J.Mülkiýewiň «Seljuklar», A.Şyhlyýewiň «Garaşsyzlyk mukamy», O.Gurdowanyň «Nusaý» romanlaryny görkezmek bolar. Bu eserlerde türkmen halkynyň taryhynyň dürli döwürleri täzeçe garaýyşlar bilen beýan edilýär. Taryhy romanlar ýaş nesillere türkmen taryhynyň dürli döwrüniň wakalaryna, durmuşyna, ýaşaýşyna, halkyň dürli taryhy döwürdäki ýagdaýyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Olarda beýan edilýän wakalar, taryhy şahsyýetleriň görkezen edermenlikleri, merdanalygy talyp ýaşlarda watansöýüjiligi ösdürmäge ýardam etse, taryhy şahsyýetleriň Watana, maşgala, il-halkyna, dosta-ýara wepalylyk häsiýetleri olarda belent adamkärçilik, ahlaklylyk, päk söýgä, dosta wepalylyk duýgularyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.
Türkmen halkynyň geçmiş taryhy hakynda ýazylan ajaýyp çeper eserleriň biri-de «Altynjan hatyn» romanydyr. Bu roman barada Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Mertler Watany beý geldýär» atly kitabynda şeýle bellenilýär: «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen hormatly ada eýe bolan zehinli ýazyjy, şu günüň türkmen edebiýatyny eserleri bilen bezän Osman Ödäýewiň «Altynjan hatyn» atly romanynyň ähli jiltlerinem okap çykypdym. Şonda Togrul begiň, onuň wepadar maşgalasy Altynjan hatynyň keşplerinde hakyky adamy terbiýelemegiň ýowuzdan gelen köp taraplaýyn şertlerini görýärin. Ýazyjy taryha örän belet, şonuň ýaly-da onuň çuňňur watançylygy wakalara düşünip, olaryň ähmiýetli tarapyny ýüregi bilen duýup bilýänliginde diýip hasap edýärin. Ýogsam, üstünden ençeme asyr geçen wakalarda nämäniň we haýsy zadyň nähili maksat bilen ýerine ýetirilendigini şeýle açyk beýan etmek kyn bolardy».
Osman Ödäýewiň «Altynjan hatyn» romany taryhy çeşmeler, taryhy edebiýatlar içgin öwrenilip ýazylan, türkmen taryhyny dogruçyl beýan edýän çeper eserleriň görnüklileriniň biridir. Watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde, olarda türkmen halkynyň geçmiş taryhyna söýgini artdyrmakda «Altynjan hatyn» romanynyň ähmiýeti uludyr.
Ýakynda Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde taryhy romanlar esasynda «Taryhy janlandyrýan çeper eserler» atly bäsleşik geçirilip başlandy. Bäsleşikde «Altynjan hatyn» romanynyň mazmunyny öwrenmäge ähmiýet berildi. Bu çäre Mugallymçylyk mekdebimiziň taryh we jemgyýetçilik ylymlary mugallymlarynyň usuly birleşmesiniň agzalarynyň guramagynda we I-II ýyl talyplaryň gatnaşmagynda geçirildi. Bäsleşikde «Altynjan hatyn» romanyndaky taryhy keşpleriň, wakalaryň üsti bilen türkmen halkynyň geçmişini, belli taryhy şahsyýetlerimiziň gahrymançylykly ömür ýoluny öwretmek maksat edinildi.
Bäsleşikde emin agzalarynyň gelen netijesi boýunça ýeňiji bolan talyplara Mugallymçylyk mekdebiniň adyndan Hormat hatlary gowşuryldy. Bäsleşigiň ahyrynda talyp ýaşlar özleri üçin okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, ýurdumyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan işleriniň has-da rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Läle ALLABERDIÝEWA,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk
mekdebiniň taryh mugallymy.
Mugallymlar gazeti. 18.01.2023ý.