KITAP-YLYMLARYŇ HAZYNASY

Şöhratly taryhymyzda ata-babalarymyz ylym-bilime, kitaba belent sarpa goýup, ylmyň ösmegine goşant goşupdyrlar. Şonuň üçin hem dünýä meşhur alymlar, şahyrlar, akyldarlar kemala gelipdir, olaryň miras galdyran kitaplary gymmatly hazyna öwrülipdir. Bu bolsa pederlerimiziň kitaba we kitaphanalara uly üns berendiklerini aýdyň beýan edýär.

Döwrüň barha ösüp-özgermegi bilen kämillige eýe bolan adamzat jemgyýeti ylym arkaly ösmek ugruny nazarlaýar. Bu ugurda ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna gönükdirilen beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Olar ýaşlaryň işjeňligini ýokarlandyrmaga, hünär taýýarlygy, ruhy we beden taýdan sagdyn ösmegi üçin ykdysady we hukuk şertlerini döretmäge, şeýle-de okuwda, işde, ylym-bilimde, jemgyýetçilik we döwlet işinde öz ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmek üçin oňyn şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Halkymyzda ylmyň-bilimiň özeni, gözbaşy hasaplanýan kitaba aýratyn sarpa goýulýar. Ol tapylgysyz baýlykdyr, dünýäniň genji-hazynasydyr. Ýaşlarda kitaby okamaga höwes döretmek, olaryň
bilimli, kämil şahsyýetler bolmagy üçin giň mümkinçilikler bar. Esasan hem kitaphanaçylyk işleri ösdürilýär, elektron kitaplar bilen üpjün edilýär. Bu bolsa okyjylar, esasan, ýaşlar üçin döwrebap mümkinçilikleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz: «Türkmen halky özüniň uzak asyrlyk taryhy ýolunda egsilmez genji-hazyna öwrülen maddy we ruhy gymmatlyklary, bilim mirasyny, watansöýüjilige, ynsanperwerlige, ene-ata, jemgyýete, dünýä, durmuşa bolan beýik söýgä ýugrulan milli terbiýe mekdebini döredipdir. Garaşsyz Diýarymyzyň Merw, Nusaý, Ürgenç, Abiwerd, Sarahs, Dehistan ýaly gadymy şäherleri ilkinji ylymlaryň we bilimleriň, medeniýetleriň hem-de sungatlaryň gülläp ösen merkezleri hökmünde dünýä meşhur bolupdyr. Täze taryhy döwürde milli ýörelgelerimizi dabaralandyrmak, okamak, öwrenmek, zähmet çekmek, eziz Watanymyzyň şan­şöhratyny dünýä ýaýmak biziň esasy maksadymyzdyr» diýip belleýär. Şu parasatly sözlerde bellenilişi ýaly, pederlerimiziň asylly ýoluny mynasyp dowam etdirmek, döwrebap ösdürmek ýaşlar üçin mukaddeslikdir. Bu asylly ýolda ylym-bilimiň orny uludyr.

Taryh, medeniýet we halkyň ähli ruhy gymmatlyklary mukaddeslikdir, çünki olar asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelendir. Ol gymmatlyklar adam mertebesini üns merkezinde goýmak bilen, dünýäniň durnukly ösüşi üçin mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ösdürilýär. Ylym-bilimi döwrebap ösdürýän, ýaşlarymyzy milli ýörelgelerimiz esasynda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

 

Kijikgül GOŞAÝEWA,

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň

Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň

Aman Kekilow adyndaky şahamçasynyň

1-nji derejeli kitaphanaçysy.

Mugallymlar gazeti 25.01.2023ý.

Meňzeş habarlar