MAGTYMGULYNYŇ EDEBI MIRASY

Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynyň taryhynda öçmejek yz galdyran beýik şahyrdyr. Ol söz ussatlygy bilen birnäçe asyra golaý wagt bäri edebiýat meýdanynda agyr kerweniň kerwenbaşysy bolup gelýär. Edebi güýçleriň şeýle uly akymyny öz yzy bilen alyp gitmek nusgawy şahyrlaryň köpüsine miýesser edip hem durmaýar.

Magtymgulynyň edebi mekdebiniň emele gelmeginde onuň alan ylym-terbiýesiniň, eýeren edebi däpleriniň täsir edendigi hakykatdyr.

Magtymguly türkmeniň edebi mekdebinde täze bir ugry esaslandyrdy. Onuň esaslandyran ugruna birnäçe aýratynlyklar mahsusdyr. Olaryň ilkinjileriniň biri-de, akyldar şahyryň edebiýaty durmuş bilen baglanyşykly bolup, aýratyn çuňňur mana ýugrulandyr. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň ýurduň umumy keşbini, halk durmuşyny, möhüm taryhy wakalary, döwürdeşleriniň ruhy dünýäsini özünden öňkülere garanyňda has anyk beýan etmegi başarandygy bilen subut edilýär.

Magtymguly öz döredijiligi bilen edebiýatyň halkylygyny, milliligini ösdürdi. Şahyr türkmen halkynyň ykbalynyň göterilmegini, bagtynyň çüwüp, galkynmagyny arzuwlapdyr. Ol muny özüniň «Türkmeniň» diýen goşgusynda:

Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,

Tartsa ýygyn, erär topraklar, daşlar,

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,

Göteriler ol ykbaly türkmeniň —

diýip, aýdyňlygy bilen beýan edýär.

Onuň döredijiliginde adamzadyň iň beýik wekillerine mahsus ruhy gözlegleri görýärsiň. Ol adamzat pelsepesiniň we çeper söz medeniýetiniň iň arzyly aýlawyna at çykaran beýik şahyr. Magtymguly Pyragy dünýäniň wagt bilen bakylygynyň serhedindäki duýgulary açýan ussatdyr. Onuň döredijiliginde türkmen diliniň duýgy aňladyş baýlygy, äheňleriň hem-de owazlaryň, many öwüşginleriniň çuňlugy gaýtalanmaz görnüşde ýüze çykýar.

Magtymguly edebiýatda döreden keşpleri, gahrymanlary durmuşy we zähmeti, halky we Watany söýýänligi, ruhy dünýäsiniň baýlygy, batyrgaýlygy bilen tapawutlanýar. Beýik akyldar ilkinjileriň biri bolup, öz eserlerini halkyň gepleşik dilinde beýan etdi. Ol türkmen diliniň baý dildigini, ony çeper döredijilik üçin ulanyp boljakdygyny tutuş adamzat jemgyýetçiligine ilkinjileriň biri bolup subut etdi.

Şahyryň edebi mekdebi özünden soňky döwürde hem giň gerim aldy. Onuň goşgulary Seýdi, Zelili, Kemine, Mollanepes ýaly meşhur nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligine hem şamçyrag bolup nur çaýdy. Magtymgulynyň bahasyna ýetip bolmajak edebi mirasy ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, olara edep-terbiýe bermekde, ylym-bilime höwes döretmekde uly ähmiýete eýedir. Beýik şahyryň goşgulary dünýä medeniýetiniň baýlygyna öwrüldi. Magtymguly Pyragynyň eserleri dünýä edebiýatynyň hazynasyna giren, bahasyna ýetip bolmajak ruhy baýlykdyr.

Şeýle gymmatly eserleri bize miras galdyran akyldar şahyrymyzyň döredijiligini öwrenmek, ony ýaş nesliň aňyna ornaşdyrmak biz — mugallymlaryň mukaddes borjudyr. Olary öwran-öwran okamak, okuwçylara, talyplara manylary bilen düşündirmek olaryň ruhy baýlygynyň artmagyna, döredijiliginiň kämilleşmegine, türkmen edebiýatynyň gymmatyna düşünmegine, giň dünýägaraýyşly kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegine uly ýardam berýär.

Ýaş nesle terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýän Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Bu gymmatlyk bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen diňe ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä halklarynda hem giňişleýin öwrenilýär.

Bize nusgawy ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiligini çuňňur öwrenmäge, olary guralýan sapaklarda ýaşlara ýetirmäge, şol eserleriň üsti bilen milliligimizi, medeniýetimizi, taryhymyzy giňişleýin beýan etmäge ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Aýna TUWAKOWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş

uniwersitetiniň mugallymy.

Mugallymlar gazeti.25.01.2023ý.

Meňzeş habarlar