BILIMLI ÝAŞLAR BUÝSANJYMYZDYR

Ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giňden durmuşa ornaşdyrylýar. Ruhy we beden taýdan sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek üçin üstünlikli durmuşa geçirilýän işler pähimli pederlerimiziň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanyp durmuşa geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlara uly ynam bildirilip, her bir işe özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmaga, bilimlerini we zehinlerini aýdyň beýan etmäge giň mümkinçilikler döredilýär.

Geljegimiz bolan ýaşlarda raýatlyk jogapkärçiligini terbiýelemekde, olaryň watansöýüji şahsyýetler bolup kemala gelmeginde milli terbiýäniň orny uludyr. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň döredijiligi ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyz gymmatlykdyr. Şonuň üçin hem milli terbiýämizde nusgawy edebiýata ýüzlenmegimiz ýöne ýerden däldir.

Eziz Diýarymyzda ýaşlarymyzyň okamak, hünär öwrenmek mümkinçiligi barha ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň innowasiýalar arkaly bilim ulgamyny, ýaşlara bilim-ylym öwretmek işlerini has-da kämilleşdirmek üçin alyp barýan toplumlaýyn işleri ýokary netijeleri berýär. Sözüň doly manysynda ýurdumyzyň bilim binýadynyň belentlikleri ata Watanymyzy ösüşlere besleýär. Döwrebap özgerişlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamynda eýelenýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň geljeginiň has-da ösüşli we röwşen boljakdygyny aýdyň beýan edýär. Hormatly Prezidentimiz: «Dünýäniň dürli künjeklerinde Watanymyza, halkymyza mynasyp wekilçilik edip, üstünlikli çykyş edýän zehinli ýaşlarymyz biziň milli guwanjymyzdyr» diýip belleýär. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, milli bilim-terbiýäni alan ýaşlarymyz dünýä ýurtlarynda geçirilýän halkara bäsleşiklerinde hem üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Olar öz ukyp-başarnyklary, zehinleri bilen ýurdumyzyň ösüşine goşantlaryny goşýarlar. Bilim ýaş nesli terbiýelemek we okatmak babatda şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň isleglerini kanagatlandyrmaga esaslanýan maksatlaýyn we ulgamlaýyn işleriň binýadydyr. Şoňa görä-de, ylym-bilim ulgamynyň binýadyny berkitmek, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti döretmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrmaga, ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly nesli ýetişdirmäge uly ähmiýet berilýändigini bellemek ýerliklidir. Häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdeplerinde iň kämil kompýuterler, multimedia tagtalar, lingafon otaglar bar. Bilim bermek işine ylmyň soňky gazananlary, okatmagyň innowasion usullary, ýokary hilli elektron bilim maglumatlary giňden ornaşdyrylýar, sanly bilim ulgamy ösdürilýär. Bularyň hemmesi ýaş nesillerimiziň giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeklerine döredilýän mümkinçilikdir. Ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

 

Güljahan MEDJANOWA,

Halkara ynsanperwer

ylymlary we ösüş

uniwersitetiniň mugallymy.

Mugallymlar gazeti. 30.01.2023ý.

Meňzeş habarlar