HÜNÄR — AKAR BULAK, YLYM — ÝANAR ÇYRAG

Watanymyzyň kuwwatly geljegi bolan türkmen ýaşlarynyň ýokary hilli bilim almaklary, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri, hünär ussatlygyny ele alyp, üstünlikleri gazanmaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri, kämilleşmekleri üçin ýurdumyzda giň mümkinçilikler döredilendir. Zergärçilik, nakgaşçylyk, halyçylyk ýaly milli hünärlerimiz bilen birlikde, häzirki döwürde täze hünär ugurlarynyň açylmagy ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine ýardam berýär.

Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy ylym-bilimdir. Şeýle baýlygyň eýesi bolup bilen halk bolsa, jemgyýeti yzygiderli kämilleşdirmäge, döwleti kuwwatlandyrmaga ukyplydyr. Ylmyň ösmegi bilim kämilligine baglydyr. Bilim bolsa ýaş nesliň sowatlylyk ýolundaky ilkinji ädimleriniň biridir. Ynsan bilimiň ilkinji şinelerini maşgalada, çagalar bagynda, mekdepde öwrenýär. Çaganyň kämil adam bolup ýetişmeginde maşgalanyň, mekdebiň, mugallymyň, halypanyň orny örän uludyr. Ynsanyň ynamly dosty onuň sowatlylygydyr. Magtymguly Pyragynyň: «Alymlara uýsaň açylar gözüň» diýen goşgy setiriniň many-mazmuny has-da özüne çekijidir. Dana şahyryň bu paýhasly setiri ylym-bilimiň ynsanyň giň gözýetimli bolmagyndaky orny barada beýan edýär.

Halkymyzyň milli aňyýetinde hünär öwrenmäge, ylymly-bilimli, beýik adamkärçilikli bolmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu barada pähim-parasata beslenen nakyllarda şeýle diýilýär: «Hünär — akar bulak, ylym —­ ýanar çyrag», «Hünär eýesini eziz eder». Atalarymyzdan miras galan şu pelsepe-paýhasyň mazmunynda aýdylyşy ýaly, hünär rysgal­berekediň egsilmez çeşmesidir. Hünär öwrenmek bagtdyr, çünki hünär ynsanyň durmuşyny gözelleşdirýär, arzuw­isleglerini hasyl edýär, bagta ýetirýär.

Türkmen maşgalasynda ogul-gyza hünär öwretmek ata-enäniň öz perzendiniň öňündäki borçlarynyň biri hasaplanýar. Hünär öwrenen ynsanlar zähmete gaýduwsyz bolýar, işiň kynçylygyndan gorkmaýar. Kynçylyk artdygyça, gujur köpelip, zähmet ýeňşiniň süýjüsini datmaga höwes döreýär.

Mugallymçylyk kärine hemme döwürde-de uly hormat goýlupdyr. Munuň sebäbi bolsa, mugallym ýöne bir öz işiniň ussady bolman, eýsem, ilkinji nobatda, ol bilimini başgalara geçirip, berilýän derslerde ýüze çykýan nazaryýetiň çylşyrymly sowallaryna düşündiriş berip, her bir okuwçynyň kabul edip biliş ukybynyň açaryny tapyp bilýän ussatdyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» romanynda Berdimuhamet aganyň şeýle ajaýyp, parasatly sözleri beýan edilýär: «Mugallym — aýratyn adam. Ol bilim baýlygyny adamlara bagyşlamalydyr. Onsoňam bilim şeýle bakylykdyr, ony ile näçe köp berseň, ol şonça-da artar gider oturar». Berdimuhamet mugallym öz geçen sapaklarynda çagalara ýalta adamyň öz arzuw­myratlaryna ýetip, durmuşda mynasyp ornuny tapyp bilmeýändigini öwran-öwran düşündiripdir. Şoňa görä-de, olaryň her biriniň saýlap seçen hünärini kämil özleşdirip, işe gujurly, döredijilikli çemeleşmegi, halal zähmetiň rehnedini duýup ýaşamagy öz durmuş pelsepesine öwürmegi pent­nesihat edipdir. Ýaşlar Berdimuhamet mugallymyň wesýetlerini berjaý edip, nurana maksatlaryna ýetmek üçin yhlasly, döredijilikli zähmet çekmegi özlerine borç edinipdirler. Berdimuhamet mugallymyň durmuş we döredijilik ýolunyň mysalyndan biz mugallymçylyk käriniň örän jogapkärçilikli işdigine has aýdyň göz ýetirýäris. Munuň üçin mugallym özüniň ylym-bilim baýlygyny okuwçylara bagyş edip, olara durmuşyň dogry ýoluny salgy berip bilýän ussat bolmalydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mugallymçylyk kärine goýulýan hormat­sarpanyň iňňän ýokary bolmagy, hünärmenleriň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek babatda hem-de sapaklaryň has netijeli geçilmegi üçin orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi milli terbiýeçilik däplerini döwrebap röwüşde dikeltmäge giň mümkinçilikler berýär. Bu bolsa ýaşlarymyzyň parasatly ata-babalarymyzyň milli ýörelgelerine ygrarly bolup ýetişmeklerinde ähmiýeti uludyr.

Her bir mugallym özünde sabyrlylyk, mylakatlylyk, tutanýerlilik, ugurtapyjylyk, süýji dillilik ýaly päk häsiýetleri jemlemelidir. Çünki ol ulular bilenem, çagalar bilenem dil tapyşyp, zerur halatynda okuwçylara duýgudaşlyk bildirmegi, hat-da durmuşyň dürli kynçylykly pursadynda goldamagy oňarmalydyr. Her bir okuwçynyň başarnygyna we tebigy zehinine laýyklykda dünýägaraýşyny kämilleşdirjek usullary, tärleri tapyp, özüniň kämil bilim-hünär goruny çaganyň aňyna siňdirmegi başarmalydyr.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz ösüşlerden-ösüşlere, ýeňişlerden-ýeňişlere sary uzasyn!

 

Gülsüm BEGMYRADOWA,

Hydyr Derýaýew adyndaky

Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Mugallymlar gazeti. 30.01.2023ý.

Meňzeş habarlar