NESIL TERBIÝESI

Türkmen halkynyň şöhratly taryhy, gadymdan gelýän milli medeniýeti, däp-dessurlary bar. Bu gymmatly mirasa belent sarpa goýup, geljek nesilleri hem milli ruhda terbiýelemek asylly ýörelgedir. Ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaşlar babatda edilýän aladalarda ata-baba dowam edip gelýän asylly ýol-ýörelgelerimiziň aýdyň şöhlelenmesini görýäris.

Ýaşlara zamanabap milli bilim-terbiýe bermek, olaryň ilhalar ynsanlar, döwrebap hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda döwletimizde uly işler amala aşyrylýar. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda binagärlik babatda dünýä ülňülerine laýyk gelýän, häzirki zaman ösen tehnologiýalar esasynda, sanly ulgama daýanylyp enjamlaşdyrylýan mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, umumybilim berýän orta mekdep, ýokary okuw mekdep binalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Milli ýol-ýörelgelere esaslanyp, bilim we terbiýe bermek işinde bilim-terbiýeçilik edaralary bilen maşgalanyň özara hyzmatdaşlygy ýola goýulýar.

Ösüp gelýän çaganyň dili hem, terbiýesi hem daş-töweregini gurşap alan köpçüligiň oňa görkezýän görüm-göreldesine köp derejede baglydyr. Şol sebäpli, ozaly bilen, çaganyň öz dünýä inen maşgalasyndaky, daş-töweregindäki terbiýeçilik gurşawynyň sagdyn bolmagy üçin alada edilmelidir. Şunda ýaş nesillere dil medeniýetini öwretmek, ýagşy sözlemek, ýagşy işleri durmuşa geçirmek ýaly asylly terbiýäni bermek zerurdyr.

Şeýle hem ýaş nesillerde kitap okamak endiklerini kemala getirmek möhümdir. Kitap okaýan ynsanyň pikirleniş dünýäsi baý bolýar, dünýägaraýşy ösýär. Şonuň üçin hem, ýaşlarymyzda dilewarlyk, pikirleniş ukyplaryny ösdürmelidiris. Munuň üçin bolsa giň mümkinçilikler, döwrebap şertler döredilendir. Nusgawy edebiýatymyza, ylym-bilime degişli kitaplar diňe bir çap görnüşinde däl-de, eýsem, elektron görnüşde hem okamak üçin ýola goýuldy. Bularyň hemmesi ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolmagy üçin iň oňat mümkinçiliklerdir.

Hormatly Prezidentimiz: «Ýaş nesillerimiziň bilimleriň we ylymlaryň esaslaryny, akyl we fiziki zähmet endiklerini özleşdirmekleri, olarda ýokary ahlak sypatlaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek üçin mugallymlarymyz hemişe döredijilik gözleginde bolmalydyr» diýip belleýär. Bu parasatly jümleler mugallymlaryň öňünde uly wezipeleri goýýar. Bu möhüm wezipeleri amal etmekde hem milli terbiýä uly üns berilýär, bilim bermegiň döwrebap usullary durmuşa ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň zamanabap terbiýeli, bilimli bolup ýetişmegi ugrunda döwlet derejesinde alnyp barylýan işler, amala aşyrylýan özgertmeler bizi yhlasly işlemäge ruhlandyrýar.

Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar babatda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

 

Jeren BEKIÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet

uniwersitetiniň mugallymy.

Mugallymlar gazeti. 30.01.2023ý.

Meňzeş habarlar