Edebiýat okuwçylarda ahlaklylygy, ynsaplylygy, milli we dünýä gymmatlyklaryna söýgini terbiýeleýär, estetik endikleri kemala getirýär. Edebiýat sapagynyň üsti bilen okuwçylaryň ruhy dünýäsi baýlaşdyrylýar, döredijilik ukyby ýüze çykarylýar, şeýle hem olaryň sözleýiş endikleri ösdürilýär.
Edebiýaty öwrenmek çeper eserleri yzygiderli baglanyşykda okamak arkaly amala aşyrylýar. Çünki ýazyjydyr şahyr durmuşyň dürli meselelerini çeper eseriň üsti bilen açyp görkezýär. Şonuň üçin okuwçylara eseriň many-mazmunyny giňişleýin açyp bermek işini dogry guramak mugallymyň esasy wezipeleriniň biridir.
Edebiýaty öwretmek bilen, okuwçylara edebiýat we ýaşaýyş barada giňişleýin bilim berilýär. Edebiýatyň üsti bilen ýaşlaryň durmuşda özüni alyp barmagy hem duş geljek ýagdaýlary boýunça dogry netije çykarmagy üçin edebi düşünjeler berilýär, başarnyklar ösdürilýär.
Edebiýat dersi okuwça çeper sözüň manysyna, hyzmatyna we awtoryň öz garaýşyny beýan ediş usulyna, formasyna düşünmegi öwretmegi hem-de okuwçylaryň döredijilikli pikirlenmek ukybyny kemala getirmegi, ösdürmegi öz içine alýar.
Sanly serişdelerden giňden peýdalanyp, okuwçylara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmagy, hilini ýokarlandyrmagy usulyýet işlerimize ornaşdyrýarys.
Maksatnama laýyklykda, edebiýat V-VIII synplarda — edebi okuw görnüşinde, IХ-XII synplarda edebiýat taryhy görnüşinde öwrenilýär.
Synplarda okuwçylaryň edebiýatyň taryhy bilen tanyşdyrylýan döwürde okuw maksatnamasyna giren ýazyjynyň ömri we döredijiligi, awtory belli ýa-da näbelli eserleriň döreýiş taryhy, her bir döwrüň edebiýatynyň öňünde duran baş mesele — ýazyjynyň eserlerinde halkyň durmuşynyň, medeniýetiniň, beýleki gymmatlyklarynyň neneňsi görkezilişi okuwçylara öwredilmelidir. Ýazyjynyň edebi dilimiziň baýlyklaryny, eseriň gahrymanlarynyň dilinde gabat gelýän şiwe sözlerine okuwçylaryň ünsi çekilýär. Şol sebäpli mugallym öz tejribesine daýanyp, bu dersi okadanda okuwçynyň özbaşdak işi, gürrüň, usullaryndan we täze maglumatlary öwretmek, bilimleri, başarnyklary we endikleri berkitmek, bilimleri barlamak we bahalandyrmak, gaýtalamak ýaly usullardan ýerlikli peýdalanmalydyr.
Türkmen edebiýatynyň taryhy halkymyzyň taryhy bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmen halky dünýäde gadymy halklaryň biri hasap edilýär. Munuň özi türkmeniň gadymy döwürlerden öz dili, aň-düşünjesi, däp-dessurlary, edim-gylymy bilen tapawutlanandygyny aňladýar.
Halkymyzyň taryhynyň gadymy bolşy ýaly, edebiýatymyzyň taryhy-da gadymy eýýamlardan başlanýar. Türkmeniň irki döwürleriniň taryhy, ata-babalarymyzyň jemgyýetçilik ýaşaýşynyň aýratynlyklary, başdan geçiren taryhy wakalary hem-de görnükli şahsyýetleri baradaky maglumatlar çeper edebiýatda saklanyp galypdyr.
Dersara baglanyşdyrmak üçin türkmen dili we edebiýat mugallymy filologiýa we jemgyýetçilik bilimleri ugurlary we beýleki dersler boýunça okuw maksatnamalary bilen-de tanyşmalydyr. Umuman, sapagyň ylmylygy, baý maglumatlylygy, täsiri, netijesi mugallymyň taýýarlygyna bagly.
Döwletmyrat SADYKOW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky
44-nji orta mekdebiň mugallymy.
Mugallymlar gazeti. 01.02.2023ý.