BAŞLANGYÇ SYNPLARDA OKATMAGYŇ TÄSIRLI USULLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hili günsaýyn ýokarlandyrylýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Gurulýan okuwterbiýeçilik maksatly binalaryň sany barha artýar. Ençeme mekdeplerdir çagalar baglarynyň durky täzelenip, döwrebap keşbe getirilýär.

Şolar bilen bir hatarda, ýaş nesliň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin häzirki zaman ösen tehnologiýalaryň, multimedia serişdeleriň, interaktiw usullaryň giňden peýdalanylmagy ýola goýulýar. Bu babatda ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň ýokary hilini üpjün etmekde bilim işine okatmagyň innowasion usullary, sanly serişdeleri giňden ornaşdyrylýar, pedagogik işgärleriň hünär ussatlygy yzygiderli kämilleşdirilýär. Mekdebe çenli ýaşly çagalaryň irki ýaşdan başlap, daşary ýurt dilini öwrenmekleri gazanylýar we olaryň mekdebe taýýarlykly barmaklary üpjün edilýär.

Başlangyç synp çaga üçin jogapkärli döwür bolup durýar. Edil şol döwürde çagalarda maksada gönükdirilen bilim we terbiýe berlip başlanýar, çaganyň esasy döredijiligi okuw bolup, ol onuň dünýägaraýşynyň ösmeginde esasy orny tutýar. Okuwda çaga diňe bir bilim almak bilen çäklenmän, eýsem, ol özi üçin belli bir jemgyýetçilik ornuny tapýar. Çaganyň gyzyklanmalary, dünýägaraýşy we bütin durmuşy üýtgeýär. Bu döwürde onuň döredijiligini ösdürýän hakyky durmuş başlanýar. Çaga akyl taýdan çalt depginler bilen ösüp başlaýar. Bu ýaşda çagalarda özüni gyzyklandyrýan zatlara bolan bilesigelijilik has-da artýar.

Başlangyç synp okuwçylarynyň iňlis dilinde sözleýiş endiklerini ösdürmek bilen mugallym olarda
sözleýiş medeniýetini kämilleşdirýär. Bu synplarda iňlis dilini öwretmek üç döwürde amala aşyrylýar: öwretmegiň harplyga çenli, harplyk döwri we harplykdan soňky döwür. Harplyga çenli döwürden başlap, olaryň sözleýiş ukyplary, başarnyklary mugallym tarapyndan hasaba alynmaly we her geçiljek sapak okuwçylaryň başarnyklaryna we ukyplaryna esaslanyp guralmaly.

Guralýan sapaklarda çagalaryň dil sözleýşine uly üns berilmeli. Ýönekeý ýumuşlaryň, okalan ýazgylaryň, hekaýalaryň, ertekileriň üsti bilen çagalaryň sözleýiş endikleri ösdürilmeli.

Iňlis diliniň harplary we sesleri barada düşünje berlende mugallym çagalaryň sesleri dogry aýtmagyny, seslerden bogunlar, bogunlardan sözler, sözlerden sözlemler düzmegi öwretmeli. Olara sesleriň uzyn we gysga aýdylyşy, çekimli sesi çekimsizden tapawutlandyrmak öwredilmeli.

Mälim bolşy ýaly, umumybilim edaralarynda iňlis dilini öwretmegi oýunlar arkaly amala aşyrmak möhümdir. Başlangyç synplarda hem çaga dil öwredilende, sözleýiş endikleri ösdürilende oýun okuw işiniň bir bölegi hasaplanylýar. Çaga oýunlar arkaly berilýän täze sözleri we sözlemleri oňat özleşdirýär we ýatda saklaýar. Ol öz deň-duşlary, öýdäki jigileri bilen oýna gümra bolanda birnäçe sözlemleri ulanýar. Nämedir bir zat barada jedelleşýär, öz pikirini, islegini beýan edýär. Sapagyň dowamynda hem mugallymyň oýun arkaly geçen sapagy okuwçylarda gyzyklanma döredýär. Iňlis dilinde çaganyň sözleýiş, grammatiki, diňläp düşünmek (listening) endiklerini ösdürmekde oýunlaryň birnäçe görnüşleri bardyr.

Umuman aýdanymyzda, oýunlaryň üsti bilen guralan iňlis dili sapagy okuwçylar üçin has täsirli we netijeli bolýar, sebäbi oýunlaryň dowamynda çagalar sapakda özüni erkin alyp barýarlar, berlen ýumuşlary höwes we gyzyklanma bilen ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Mugallym bu sapakda alyp baryjy ýa-da gatnaşyjy hökmünde çykyş etmeli. Bularyň hemmesi başlangyç synp okuwçylarynyň iňlis dilinde sözleýiş endikleriniň ösmegine, sapakda dil gurşawyny döretmekde ýardam edýär.

 

Maral JUMAKULYÝEWA,

Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň

baş hünärmeni.

Mugallymlar gazeti. 01.02.2023ý.

Meňzeş habarlar