Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, olaryň düşünjelerini ösdürmek terbiýe meselesinde esasy işleriň biridir. Munuň üçin olara çagalar bagynda, maşgalada kämil terbiýe berilýär, çünki irki döwürlerde berlen terbiýe çaganyň aňynda berk ornaşýar. Şonuň üçin terbiýeçiler ene-atalar bilen ýygjam aragatnaşykda bolýarlar, maşgalada olara asylly görelde görkezmegi ündeýärler. Ene-ata hem maşgalada çaga terbiýesine jogapkärli çemeleşýär. Şunda esasan körpejelere ertekileri köp aýdyp bermek bilen, olarda milli düşünjäni kemala getirýärler.
Ene-atalar çaga terbiýesinde milli oýunlary, sanawaçlary, matallary ulanyp durmalydyrlar. Çaga özüne erteki aýdyp berilmegini, goşgy, sanawaç öwredilende olary ýat tutup, ata-enesine aýdyp berip, olaryň diňlemegini, suratly kitaplara seredip, özleri bilen gürrüň edilmegini isleýär. Munuň özi çaganyň sözleýşiniň kämil bolmagyna, ene dilimize buýsanç döremegine ýardam berýär. Çünki sözleýşiň kämil bolmagynyň binýady ilki maşgalada, soňra çagalar bagynda alnyp barylýan işleriň esasynda goýulýar. Durmuşda bolsa çaga üçin möhüm bolan bu iki tarapyň özara hyzmatdaşlygy zerurdyr.
Halk döredijiligimiz çaga durmuşynda esasy orun bolup biler. Onda çaga oýunlary bilen baglanyşykly görnüşleriniň biri ertekiler we sanawaçlardyr. Ertekiler çaganyň diňe bir sözleýşini baýlaşdyrman, eýsem, kämil düşünjäni hem kemala getirýär. Esasan hem ertekilerdäki gahrymanlar, olaryň ýagşylyklary körpede oňat häsiýetleriň döremegine täsir edýär. Şeýle hem ertekidäki aýdylýan ýagşylyklar, oňat işleri bitirmek ýaly ýörelgeler hem terbiýeçilik ähmiýetlidir. Şonuň üçin körpelere şeýle ertekileri gürrüň bermeli ýa-da çagalar üçin niýetlenen ertekili kitaplary okap bermeli. Ertekili kitaplary okap bermek bilen, çaganyň aňynda okamaga bolan höwes hem döredilýär. Şeýle bolansoň, çagalar bagyndaky terbiýeçiler hem ertekili kitaplary okap berýärler we ene-atalara-da şeýle asylly ýörelgäni wagyz edýärler. Her bir öýde ertekili kitaplaryň bolmagy çagada kitap okamaga bolan gyzyklanma döredýär.
Ertekili kitaplaryň ähmiýeti, terbiýedäki orny uludyr. Bu esasan hem mekdebe taýýarlaýyş toparlara gatnaýan çagalar üçin has-da peýdalydyr. Munuň özi mekdebe taýýarlanýan toparlardaky çagalaryň okamaga, harp öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrýar. Şonuň üçin hem uly toparlarda ertekileri, kitaplardan çagalara degişli goşgulary okap bermek oňat täsir edýär.
Gadymyýete ýüzlensek, çagalara ertekidir gyzykly gürrüňleri bermekde zenanlaryň orny uludyr. Ene-mamalarymyz tikin-çatyn, ik egirmek ýaly işler bilen gümra bolanlarynda hem öz ogul-gyzlaryna, agtyklaryna tä uklap galýançalar gyzykly gürrüňleri, ertekidir rowaýatlary, durmuşy hekaýajyklary aýdyp beripdirler, sanawaçlary öwredipdirler. Olar aýdyp berýän wakalaryny «janlandyryp» görkezmäge, ýagny her sözi öz heňinde, öz äheňi bilen labyzly aýdyp, gahrymanlarynyň hereketlerini suratlandyrmagy başarypdyrlar. Bu bolsa çagalaryň sözleýiş başarnyklarynyň ösmegine ýardam edipdir. Şeýle milli ýörelgelerimizi häzirki wagtda hem ösdürmek, milli terbiýäniň aýratynlyklaryny öwrenmek we durmuşymyzda peýdalanmak oňat netijelerini berýär.
Gadymdan gelýän milli terbiýämiz häzirki wagtda ylmy esasda öwrenilýär we döwrebap ösdürilýär. Has takygy, interaktiw usullaryň kömegi bilen ertekileriň gahrymanlarynyň suratlaryny, ýazgylaryny multimedia tagtalarda görkezmek bolýar. Interaktiw tehnologiýalaryň okuw işine ornaşdyrylmagy okatmagyň usullarynyň kämilleşmegine öz täsirini ýetirdi. Şeýlelikde, multimedia tagtalarda ses ýazgylaryny hem, suratlary hem täsirli edip bermek bolýar. Ses, hereket, reňkler sazlaşyp, çaganyň maglumaty dogry kabul etmegine ýardam edýär. Sanlar bilen baglanyşykly matallar, sanawaçlar, tapmaçalar, ýaňyltmaçlar, bir tarapdan, sanamagy, hasaplamagy öwretse, kiçi ýaşly çagalaryň sözlük goruny baýlaşdyrsa, beýleki tarapdan olaryň türkmen dilinde dogry ses aýdyşyny kämilleşdirmäge ýardam edýär.
Mysal üçin, körpeler bilen sapak guralanda gürrüň berilýän ertekileri tehnologiýalaryň üsti bilen olara ýetirmek uly gyzyklanma döredýär we olaryň ertekini çalt ýatda saklamagyna ýardam edýär. Çagalar bilen iş geçirilende, halk döredijiliginiň beýleki görnüşlerinden, ýagny sanawaçlar, matallar görnüşinden hem peýdalanmak olaryň aň-düşünjesiniň ösmegine ýardam berýär.
Bu günki günde çagalar baglary ene-atalaryň ýakyn ýardamçylary bolýarlar. Esasan hem olara çaga terbiýesinde ýakyndan ýardam berip, terbiýeçiler çaganyň irki ösüşi barada pikirlerini beýan edýärler. Bu bolsa ene-atalaryň çaga terbiýesinde asylly ýörelgelere, milli terbiýä ýykgyn etmeklerine itergi berýär. Ata-enäniň çagalar bilen alyp barýan işleriniň, okap berýän çeper eserleriniň, halk döredijilik eserleriniň görnüşleriniň sapaklarda ulanylmagy, olary körpeleriň ýadyna salmagyna, gaýtalamagyna, öwrenen maglumatlarynyň berkemegine ýardam edýär. Munuň özi çaga terbiýesinde alnyp barylýan işleriň täsirliligini ýokarlandyrýar.
Maýagözel REJEBOWA,
Mary etrabyndaky 4-nji çagalar
bagynyň müdiri.
Mugallymlar gazeti. 06.02.2023ý.