Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän beýik işler biziň her birimizi buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasaty ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýaşlar hakyndaky aladany hem baş wezipe edip goýýar. Çünki ýaşlar Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşýan kämil hünärmenlerdir, röwşen geljegimizdir.
Ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi, dünýägaraýşynyň giňelmegi üçin ähli şertleri döretmek ýaly möhüm ugurlar hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezindedir. Arkadagly Serdarymyz öz çykyşlarynda häzirki zaman şertlerinde islendik döwletiň kuwwatynyň we gülläp ösmeginiň, ilkinji nobatda, ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşiniň milletiň intellektual derejesi bilen kesgitlenýändigini nygtaýar.
Ozaly bilen, her bir ýurduň ösüşi ýaşlara berilýän bilimiň hili, derejesi bilen gazanylýar. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli bilim ulgamy ösdürilýär, netijeli işler durmuşa ornaşdyrylýar.
Bilim ojaklarynda okatmagyň täze tehnologiýalaryny we dünýä tejribesini ornaşdyrmak işi ýola goýuldy. Beýleki mekdeplerde bolşy ýaly, biziň mekdebimizde hem multimedia tagtasy bilen üpjün edilen otaglarda sapaklary häzirki döwrüň talabyna laýyk guraýarys. Bu tagtanyň kömegi bilen okuwçylara sapakda gerek bolan materiallary görkezýäris. Netijede, olaryň öwrenilýän tema bolan höwesi, gyzyklanmasy artýar. Özümiň okadýan ýokary synplarymda watançylyk terbiýesini bermek bilen bir hatarda, taryhy ösüşiň esasy maksatlaryny hem-de döwlet syýasatynyň häzirki ugurlaryny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň many-mazmunyny ýaşlaryň aňyna ýetirmek, olara düşündirmek bilen bagly işlere üns berýärin.
Bu ýyl ýaşlaryň durmuşynda ajaýyp, ýatdan çykmajak ýyllaryň biri bolar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýaşlara uly ynamdyr, röwşen geljegimiziň şuglasydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň ylym-bilim almagy, sport bilen meşgullanmagy, hünär öwrenmegi, saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolmak üçin ähli mümkinçilikler, döwrebap şertler döredilýär. Munuň özi bolsa ýaşlary täze maksatlara, belent üstünliklere ruhlandyrýar. Bu ýylda ýaşlaryň ukyp-başarnygyna, ylym-bilimine has-da aýratyn ähmiýet beriljekdiginiň aýdyň mysalydyr.
Hawa, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli taglymaty bilen terbiýelenýän bu günki nesil Watanyň, milletiň, halkyň we döwletiň hatyrasyna köp işleri bitirmäge taýýar ýaşlar bolup ýetişerler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaş nesil hakynda uly alada edilýär. Ýurdumyzda döwrebap çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleriniň täze binalary gurlup, ulanylmaga berilýär.
Täze taryhy eýýamda Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda ykdysady, syýasy, medeni we beýleki ulgamlarda uly ösüşlere eýe bolnyp, maksatnamalaýyn wezipeler oňyn çözülýär. Şeýle ajaýyp döwrümizde halkymyz parahat, abadan, eşretli durmuşda ýaşaýar. Ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Aýbölek BEGMYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki 54-nji orta mekdebiň mugallymy.
Mugallymlar gazeti. 06.02.2023ý.