ÇAGALAR BAGLARYNDA GURNAK IŞLERI

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän bilimiň hili barha kämilleşýär, dünýä ölçeglerine
laýyk gelýän täze okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia we kompýuter tehnologiýalaryny, okatmagyň öňdebaryjy tejribelerini, usullaryny okuw-terbiýeçilik işlerine yzygiderli ornaşdyrmak işi üstünlikli alnyp barylýar. Ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, körpelere bilim we terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, bu ulgamda degişli döwlet resminamalary kabul edilýär.

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, hususan-da, mekdebe çenli pedagogika işini ösdürmek, ony dünýä ülňülerine laýyk derejelere ýetirmek döwrüň talabydyr. Şol esasda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuw maksatnamalary «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» boýunça alnyp barylýar. Bu maksatnamada mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalary mekdebe taýýarlamakda, olaryň tebigy zehinini ýüze çykarmakda we ösdürmekde okuwdan daşary goşmaça bilim bermek (çeper-döredijilik we ösdüriji gurnaklar) işini ýola goýmak hem göz öňünde tutulandyr.

Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmegine esasy bilim bilen birlikde, gurnak işleri hem öz täsirini ýetirýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda hereket edýän gurnaklaryň dürli görnüşleri işimiziň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Gurnaklaryň dürlüligine garamazdan, olaryň amala aşyrýan maksatlary we iş usullary birmeňzeşdir. Çagalar bagynda gurnak işleriniň dogry guralmagy körpelere peýdaly endikleri we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmäge ýardam edýär.

Çagalar bagyndaky gurnaklar körpeleriň gyzyklanmasy we olaryň ata-eneleriniň islegleri boýunça döredilýär. Olar çagalar bagyndaky goşmaça bilim işlerine degişli bolýar. Gurnaklaryň üsti bilen çaga goşmaça bilim berilýär we gyzyklanýan ugrunda belli bir endik ösdürilýär. Munda çagalar köpçülikde özlerini medeniýetli alyp barmagy öwrenýär, olaryň döredijilige bolan ukyby artýar. Has takygy, çagalar bakja-baglarynda şekillendiriş sungaty boýunça döredilen gurnaklar körpeleriň ýatkeşligini, ünsüni, ownuk motorikasyny, pikirlenme, göz öňüne getirme endiklerini ösdürýär.

Uly toparyň körpelerine deň-duşlary bilen ýakyn aragatnaşykda bolmak sazlaşykly şahsyýetiň kemala gelmegine esas bolup durýar. Köpçülikde işlemek arkaly körpeler bir-biriniň gyzyklanmalaryny synlamagy öwrenýärler, guramaçylygy, gepleşmegiň medeniýetini endik edinýärler.

Çagalar bakja-bagymyzda ýöredilýän aýdym-saz gurnagy körpelerde medeniýeti we döredijiligi ösdürýär. Aýdym aýtmak çagalar bagynda aýdym-saz işiniň esasy görnüşi bolup durýar. Saz gurnagy çaganyň eşitmek ukybyny, ýadyny, ritmi duýmak ukybyny, sözleýşini ösdürmäge ýardam edýär.

Dünýä ülňülerine laýyklykda gurlup ulanylmaga berlen, kompýuter we lingafon enjamlary bilen üpjün edilen çagalar bagymyzda körpelere daşary ýurt dillerini öwretmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, çagalar bagymyzda «Dil bilen dünýäni gezer» atly gurnak hem döredildi. Meýilnama laýyklykda, gurnakda körpelere iňlis dili kompýuterleriň, multimedia tagtasynyň we ýörite taýýarlanylan okuw-görkezme esbaplarynyň kömegi, öwrediji oýunlaryň üsti bilen çuňlaşdyrylyp öwredilýär. Bu gurnaga çagalar höwes bilen gatnaýarlar.

Gurnaklarda körpeler täze düşünjeleri, peýdaly endikleri öwrenýärler. Olaryň işjeňligi ösýär, wagtlaryny peýdaly geçirýärler, özlerine bolan ynamy artýar.

 

Baýramgül TAÝÇAÝEWA,

Türkmenbaşy şäherindäki 32-nji çagalar

bakja-bagynyň müdiri.

Mugallymlar gazeti. 08.02.2023ý.

Meňzeş habarlar