Adamzat döräli bäri birnäçe hünär döräpdir. Olaryň ählisi-de gowy, hemmesi-de peýdaly. Adam özüni we özüniň ýakynlaryny ýaşaýyş durmuşynda gündelik zerur zatlar bilen üpjün etmek maksady bilen zähmet çekýär. Irki döwürlerde sanlyja hünär bolupdyr. Emma döwrüň, aňyň, ýaşaýyş derejämiziň ösmegi bilen ylymdyr tehnika ösýär. Netijede, dürli kärler, hünärler ýüze çykýar. Hut şonuň üçin-de, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde her ýylda diýen ýaly täze hünärler açylýar. Täze hünärleriň açylmagy ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkara derejede bäsdeşlige ukyply bolup ýetişmekleri üçin döredilýän mümkinçiliklerden habar berýär.
Kowusnamada şeýle setirlere duş gelýäris: «Ynsan näme bilen meşgullanýan bolsa, olaryň bary kärdir. Ynsan öz kärine ökde bolmalydyr».
Ynsanyň meşgullanýan her bir işi kär we hünärdir. Onuň meşgullanýan işi wagtyň geçmegi bilen kämilleşýär, ösýär we kär, soňra hünär derejesine ýetýär. Taryha nazar salanymyzda her asyryň ösüşine görä dürli hünärler bolupdyr. Hünäri saýlamak örän möhüm pursat. Ol adamyň arzuwyna we ukybyna baglydyr. Saglyk ýagdaýyň rugsat berýän hünärini saýlamak zerurdyr. Okuwçylar mekdep döwründe özleriniň geljekki hünärleri barada oýlanyp başlaýarlar, arzuw edýärler. Çagalar öz ene-atalaryna ýa-da obada, golaý-goltumda hormat goýulýan kişilere, çeper filmlerde, teatr sahnalarynda gören gowy häsiýetli gahrymanlaryna meňzemek isleýärler. Çaganyň ukybyny onuň arzuwyna görä ösdürmek ene-atanyň esasy borjudyr, çünki saýlanan hünär durmuşyň esasy pursatlarynyň biri bolup, onuň bütin ömrüne täsir edýär.
Kowusnamada beýan edilişi ýaly: «Her käriň öz kada-kanuny bardyr... Emma haýsy hünär bolsa-da, ol üçe bölünýändir: bir käre dahyly bolan ylymdyr, ýa ylma dahyly bolan kärdir, ýa-da akyl işletmäge dahylly hünärdir».
Bu ýerde käre dahyly bolan ylym barada aýtsak, ynsanyň saýlap alan hünäri boýunça alýan ýokary bilimidir, ýagny agronomyň okaýan ekerançylyk, agronomçylygyň esaslary ýaly dersleridir. Ylma dahyly bolan kär bolsa agronom, döwrebap bilim almak üçin hünär boýunça iňlis we rus dili, kanunçylygyň esaslary ýaly dersleri okaýar. Akyl işletmäge dahylly hünär bolsa her ugurdan ylym bilen meşgullanýan adamlardyr.
Şeýlelikde, bar bolan hünärleriň ählisi-de durmuş üpjünçiligi üçin gereklidir. Olar biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Mysal üçin, mugallym inženeri okadýar, ol inženeriň çyzgysy esasynda gurluşykçynyň guran binasynda bilim berýär. Onuň saglygy bolsa esasy zerurlykdyr. Lukman bolmak üçin bolsa ony mugallym okadýar.
Adam ilki bilen hünärini söýmelidir. Hünärini çyn ýürekden söýen adamyň zähmetiniň netijesi jemgyýetiň gülläp ösmegine ýardam edýär. Hünäre söýginiň ilkinji şinesini döretmek we ony ösdürmek mugallymlaryň baş wezipesidir. Bu ýerde her bir hünär barada aýdylan pähimleri, paýhasly sözleri çuňňur öwrenmek, durmuş mysallaryny peýdalanmak, çeper edebiýatyň zerurlygy ýüze çykýar. Hünäri söýmek ilkinji üstünlikdir we geljekki ösüşleriň başlangyjydyr. Ýaş nesli, talyplary höweslendirmek, bu ugurda Watanymyzyň, eziz Diýarymyzyň geljekki ösüşlerine goşant goşmagyň ilkinji ädimleridir. Söýgi ýürekden çykanda gowulyklar ýar bolýar. Ak niýet bilen halal zähmet çekmäge höweslendirmek geçilýän her bir sapagyň içinden eriş-argaç bolup geçmelidir. Zähmeti ak ýürekden çekip, geljekki nesliň Watana, halka ygrarly bolmagy üçin olara saýlan hünärlerine, okan mekdeplerine, orta we ýokary okuw mekdeplerine abraý getirmegi sargyt etmek her bir bilim işgäriniň wezipe borjudyr. Ata-babalarymyz ýaş nesliň ynsanperwer, belent adamkärçilikli, halal, watansöýüji, ygrarly we ynsaply bolmagy ugrunda alada edipdirler we edebiň, terbiýäniň gymmatly goruny miras goýupdyrlar. Şol terbiýe umumybilim berýän orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilimiň we ylmyň üsti bilen ösdürilýär. Terbiýe we bilim sazlaşykly alnyp barlyp, ýagty geljegiň esasyny düzýär.
Islendik saýlap alan käriňi döwrüň talaplaryna görä ösdürmeli, çünki ýaşaýyş we durmuş bir duran ýerinde durmaýar. Ylym we tehnika ösýär, şonuň bilen birlikde her bir hünär hem kämilligi talap edýär. Gahryman Arkadagymyz bu barada şeýle belleýär: «Ylmyň durmuşdaky ornunyň ýokarlanmagy bilen, ösen tehnologiýalardan habarly täze nesil hem kemala gelýär».
Ösüşler bilen aýakdaş gitmek hünär derejäňi artdyrmagyň başlangyjydyr. Her ugur boýunça gazanylýan üstünlikleri öwrenmek esasy talaplaryň biridir. Öz bilýän zadyňy täze gelen hünärmene öwretmek hem hökmandyr, çünki hünäriň dowam etmegi we has kämilleşmegi halypa-şägirt ýörelgesi bilen berk baglydyr. Ynsanyň bu dünýäde galdyryp biljek iň gowy mirasy ylymdyr. Bilýän ylmyňy soňkulara öwretseň, geljekde olar hem başgalara öwretse, bu ýagdaý şeýdip yzygider dowam eder, olaryň ylymda gazanan üstünliklerinde biziň her birimiziň goşandymyz bolar.
Güljan NAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Mugallymlar gazeti. 08.02.2023ý.