Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşylan meýilnama laýyklykda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň mekdebe çenli bilim we terbiýe bölüminiň guramagynda Aşgabat şäherindäki 163-nji çagalar bagynda hünär kämilleşdiriş okuwynyň tejribe etaby geçirildi. Oňa welaýatlaryň we paýtagtymyzda ýerleşýän mekdebe çenli çagalar edaralarynyň müdirleriniň birnäçesi gatnaşdy.
Bu ýerde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň müdirleri 163-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Nursoltan Magtymowanyň ýönekeý matematiki düşünjeleri öwretmek dersinden orta toparda “Zatlary artýan we kemelýän tertipde goýmak” diýen temadan guran sapagyna, daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak dersinden bolsa, şol çagalar bagynyň terbiýeçisi Maral Döwletowanyň bakja toparynda “Surat üsti bilen gezelenç etmek” diýen temadan bakja toparynda guran görelde sapagyna gatnaşdylar. Sapak tamamlanandan soňra müdirler terbiýeçileriň sapagy guraýyşlaryna, görkezme esbaplardan peýdalanyşlaryna, sapagyň arasynda çagalar bilen dynç alynýan pursatlara, terbiýeçileriň multimedia tagtasyndan peýdalanyp bilişlerine, çagalaryň sapaga bolan işjeňligine aýratyn üns we seljerme berdiler, sowaljogap alyşdylar, tejribelerini paýlaşdylar, ýaş hünärmenlere degerli maslahatlaryny berdiler. Mundan başga-da, bu ýerde terbiýeçileriň sapaklarda peýdalanýan görkezme esbaplarynyň, çagalar bilen bilelikde ýasan şekiljikleriniň sergisi kämilleşdiriş okuwyna gatnaşanlarda aýratyn täsir galdyrdy.
Ýörite habarçymyz.
Mugallymlar gazeti. 13.02.2023ý.