KITAPHANA-BILIMLER ÇEŞMESI

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýurdumyz, il-günümiz üçin şan getirjek taryhy wakalara beslenýär. Halkyna, Watanyna hyzmat eden gerçekleri, akyldarlary, meşhur şahsyýetleri, serkerdeleri, alymlary, şahyrlary sarpalamak türkmen halkynyň aňyna guýlan mukaddeslikdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň gadymdan gelýän bu däbi mynasyp dowam etdirilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyz Arkadag şäherine tüýs ýürekden buýsanýar.

Arkadag şäheri türkmen şähergurluşygynda, binagärliginde täzebir sahypa açýar. Atalarymyzyň—oguzlaryň mekan eýläp gezen ýerinde ýene-de toýlar tutulýar, ýene şanly eşretli döwran dolanýar.

Dünýä kartasynda täze dörän Arkadag şäheri, birtarapdan, ösüşlerden-ösüşlere barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ýeten ýokary sepgidini, ykdysady kuwwatyny, medeni derejesini aýdyň görkezýär, beýleki bir tarapdan bolsa, türkmen halkynyň akyldarlaryna, danalaryna aýratyn sarpa goýýandygyny aňladýar. Arkadag şäherinde durmuş maksatly döwrebap binalar, ýaşaýyş toplumlary, medeni-dynç alyş, söwda we önümçilik merkezleri, dolandyryş edaralary bilen bir hatarda halkara ülňülerini nazarlaýan, häzirki zaman maglumat tehnologiýasy bilen üpjün edilen bilim ojaklarynyň, medeni desgalaryň bolmagy türkmen halkynyň milli Lideriniň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Serdarymyzyň
«Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýen ynsanperwer şygarynyň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeler esasynda bilim ulgamynyň ösdürilişi üstünlikli dowam etdirilýär. Bu barada aýdanymyzda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär mekdebini, Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebini, Sahy Jepbarow adyndaky Ahal welaýat ýörite sungat mekdebini, Şükür bagşy adyndaky Ahal welaýat çagalar sungat mekdebini we beýleki medeni ojaklary aýratyn belläp geçmek gerek.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly başlangyçlary bilen ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda durmuşa geçirilen düýpli özgertmeler, gazanylan netijeler, özgezeginde, kitaba, kitaphana berilýän ünsi has güýçlendirdi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda , etraplarynda, şäherlerinde maddy enjamlaýyn binýady innowasiýalara esaslanýan bilimler çeşmesiniň merkezleri döredildi. Kitaphanalara elektron we internet hyzmatlary ornaşdyryldy. Ynha, Arkadag şäherinde bina edilýän welaýat kitaphanasyna türkmen halkynyň akyldar şahyry Döwletmämmet Azadynyň adynyň dakylmagy kitaba, kitaphana, ylma, bilime goýulýan sarpadan nyşandyr.

Biziň halkymyz kitaba, kitaphana medeni aň-düşünjäniň, dünýägaraýşyň kemala gelmeginiň, nesil terbiýesiniň aýrylmaz bir bölegi hökmünde baha berýär. Atalarymyz: «Kitap okap oturan beýlede dursun, ony diňläp oturan hem bihal däldir» diýip sargyt edipdirler. Kitap, kitaphana hakynda Gahryman Arkadagymyz şeýle diýýär: «Türkmen halky gadymy döwürlerde-de kitaba, ylma, sungata uly hormat sarpa goýan halklaryň biridir. Nusaýyň, Köneürgenjiň, Merwiň baý kitaphanalary bütin dünýäde belli bolupdyr».

Döwletmämmet Azady erkinlik, Garaşsyzlyk manysyny berýän «Wagzy-Azat» eserini ýazyp, onda halkyň agzyny birikdirmek, bir erkana döwlet gurmak, ony adalatly dolandyrmakýaly pikirleri öňe süren akyldardyr. Ol türkmen halkynyň mizemez ruhy sütünleriniň biridir. Döwletmämmet Azady diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň ruhy taýdan ösmegine goşant goşan akyldar hökmünde dünýä halklarynyň meşhur şahsyýetleriniň hatarynda tanalýar.

Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde akyldar şahyryň edebi mirasy baý ruhy hazyna bolup hyzmat edýär. Döwletmämmet Azadynyň adyny göterýän kitaphananyň bilim, ylym, paýhas paýlaýan merkezleriň biri boljakdygy şübhesizdir. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly:

Giň jahanda dostluk berkäp,

Şatlyk-gülki, owaz bolsun!

Türkmeniň döwletli ýoly

Ak geljege dowam bolsun!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we peder ýoluny dowam edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Jepbarmämmet GÖKLEŇOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen

milli dünýä dilleri institutynyň Ýakyn

Gündogar dilleri kafedrasynyň dosenti,

filologiýa ylymlarynyň kandidaty.

Mugallymlar gazeti. 13.02.2023ý.

Meňzeş habarlar