DIL BILMEK—KÄMILLIK

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlaryň ylym-bilimli bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz ylym-bilimi ösdürmekde, kämil hünärmenleri ýetişdirmekde ähli mümkinçilikleri döredýär. Esasan hem ýaşlaryň ene dilimizi çuňňur bilmekleri, daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde hem dil öwrenmek boýunça dürli ugurlardan tejribe toplanylýar. Şeýlelikde, şu günki ýaşlarymyz daşary ýurt dillerini suwara bilýärler, kämil hünärmenler bolup ýetişýärler.

 

Daşary ýurt dillerini öwrenmek we bilmek, adamyň medeniýetiniň ösendigini kesgitleýän ýagdaýdyr, çünki dil dostluk köprüsi hasaplanýar. Dünýä dilleriniň üsti bilen halklaryň dostlugy, medeni gatnaşyklary üpjün edilýär. Dürli medeniýetleriň arabaglanyşygyny guramakda dil bilimi uly orny eýeleýär. Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini öwretmek ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ähli basgançaklarynda amala aşyrylýar. Dünýä dillerini bilýän ýaşlarymyz daşary ýurt edebiýatlaryndan, ylmy çeşmelerden, internet ulgamyndan peýdalanmaga ukyplydyrlar. Dil öwrenmegiň gymmaty häzirki zamanda öňde goýlan maksada ýetmegiň ädimidir. Ykdysady, ylmy tehniki we ruhy taýdan gatnaşyklaryň şertinde iňlis dili milletara aragatnaşyk dili hökmünde jemgyýetçilik durmuşyna girdi. Iňlis dili ylmyň, tehnikanyň, dünýä medeniýetiniň gazananlaryny özleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.

Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň usulyýeti kämilleşdirilýär. Dünýä tejribesine laýyklykda, daşary ýurt dilleri okuw meýilnamalarynda we okuw maksatnamalarynda kämilleşdirilip, olaryň öwredilişiniň hili ýokarlanýar. Şu maksat bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutymyzda hem bu ugurdan döwrebap işler ýola goýuldy. Ýokary okuw mekdebimizde dil öwretmegiň dürli usullaryndan ugur alynýar. Esasan hem lingafon otaglarda dünýä dilleriniň öwrenilişi döwrebaplyga eýedir. Bu ýerde sözleri diňlemek arkaly dürs sözleýşi kemala getirmegiň ugurlaryndan peýdalanylýar. Şeýle hem talyplara dil öwredilende sözlükler bilen işlemegiň, daşary ýurt dilindäki kitaplary köp okamagyň ähmiýeti düşündirilýär.

Dil bilmek, dünýä dillerinden habarly bolmak giň mümkinçilikleri açýar. Ähli babatda hem dil öwrenmegiň ähmiýeti öňküligine galyp, bu meselede milli hünärmenlerimiz, dilçilerimiz, ýaşlarymyz oňat baş çykarýarlar. Giň dünýägaraýyşly, döwrebap, dünýä derejesine laýyk bilimli bolýan ýaşlara ähli mümkinçilikler döredilendir. Daşary ýurt dillerini suwara bilýän kämil hünärmenleri taýýarlamakda ähli mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Bahar MYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky

TMDDI-niň iňlis dili mugallymy.

Mugallymlar gazeti. 15.02.2023ý.

Meňzeş habarlar