TEBIGY BILIMLER ÖWREDILÝÄR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ösdürilýär. Ylmyň dürli ugurlary boýunça alnyp barylýan işler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi ylym-bilimiň ösüşini, şeýle hem ýaş hünärmenleriň kemala gelmegini üpjün edýär. Şeýle ajaýyp döwrümizde ýokary okuw mekdebimizde hem professor mugallymlar ylmy işleri alyp barýarlar. Şeýle ylmy işler bilen bir hatarda ýaşlara ylym-bilim öwredýärler, olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmegine goşantlaryny goşýarlar.

Häzirki wagtda ýaşlarymyzyň ylym-bilime bolan höwesleri, olaryň bilimleri özleşdirmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Çünki ýaşlaryň kämil hünärmenler bolmagynda ylym esasy ugurlaryň biridir. Şonuň üçin hem ýokary okuw mekdebimizde talyp ýaşlaryň ylmy kitaplary okamaklary, ylmy garaýyşlara oňat düşünmekleri üçin sapaklar guramaçylykly geçirilýär. Ýaşlar ylmyň dürli ugurlary boýunça öz başarnyklaryny görkezýärler.

Häzirki ýaşlar sanly tehnologiýalara oňat düşünýärler we sanly ulgama bolan garaýyşlary kemala gelýär. Şeýle giň dünýägaraýyşly ýaşlara tebigy bilimleri hem öwretmekde mugallymlaryň aýratyn hyzmaty bar. Tebigy bilimlere himiýa we nebit himiýasy ýaly ugurlary görkezmek bolar. Bu bilimleri özleşdirmek bilen, ýaşlar nebiti gaýtadan işleýän zawodlarda ylmy işlerini alyp gidip bilerler. Şeýle hem bu bilimleri özleşdiren talyplar zawodlarda öz işlerini ylmy esasda alyp barmaga mümkinçilik alarlar. Bu ugur boýunça käbir mysallary getireliň. Mysal üçin, nebit koksy.Nebit koksy—metal ýalpyldyly gara reňkli gaty öýjükli önümdir. Häzirki wagtda nebit koksunyň senagatdaky ähmiýeti üznüksiz ösýär. Nebit koksunyň senagatda, durmuşda ulanylyşy we onuň himiki tehnologiýasy barada ylmy garaýyşlary talyplara öwretmek örän zerurdyr. Şonuň üçin hem talyp ýaşlara onuň gymmaty barada düşünje berýäris. Koksuň hili we ulanylyşy, esasan, onuň düzümindäki kükürt, kül, çyglylyk, granulometriki düzümi we mehaniki berkligi bilen kesgitlenilýär. Ýokary hilli az kükürtli koks grafitirlenen elektrod, anod we beýleki tok geçiriji bölekleri ýasamak (almak) üçin, elektrometallurgiýada we alýumininiň önümçiliginde, polady eredip almak önümçiliginde, kalsiý karbidiniň, karborundyň we başga-da materiallaryň önümçiliklerinde ulanylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş hünärmenleri kemala getirmek, olaryň ylym-bilim öwrenmeklerini üpjün etmek üstünlikli ýola goýulýar. Ylym-bilimli kämil hünärmenleri taýýarlamakda giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

 

Çaryýarguly AMANMYRADOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit

we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.

Mugallymlar gazeti. 15.02.2023ý.

Meňzeş habarlar