ÇEPER EDEBIÝATYŇ ÄHMIÝETI

Milli bilim ulgamynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler giň dünýägaraýyşly, ösen aň-düşünjeli, sowatly kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilýär. Bu maksada ýetmek üçin bilim ulgamynda giň mümkinçilikler döredilýär.

Bilimiň hilini gowulandyrmakda, ony has-da kämilleşdirmekde okuw maksatnamasyna birnäçe üýtgeşmeler girizilýär. Bu bolsa bilim işgärleriniň öňünde bilim bilen ylmy utgaşdyrmak, sazlaşykly alyp barmak wezipesini goýýar.

Edebiýat sapagy boýunça çuňňur bilim we düşünje bermek, bu ugurdan okuwçylaryň özbaşdak pikirleniş endiklerini ösdürmek, garaýyşlaryny erkin beýan etmäge bolan ukyplaryny we başarnyklaryny kemala getirmek maksady bilen, sapakda we sapakdan daşary geçirilýän çärelerde saýlama okuwlarynda dürli usullardan peýdalanylýar. Edebiýat sapaklarynda okuwçylaryň nazary taýdan alan bilim-düşünjeleri eserleriň üsti bilen amaly taýdan berkidilýär.

Okuw maksatnamasyna syn, annotasiýa ýaly barlag işleriniň girizilmegi hem okuwçylaryň bu ders boýunça alan bilimlerini ylym bilen baglanyşdyrmagyny gazanmaga ýardam berýär. Aýratyn hem, syn ýazylanda okuwçylar öwrenilýän eserleriň üsti bilen bir hatarda, wakalary hem açyp görkezmäge synanyşýarlar. Okuwçylaryň edebiýatyň dürli žanrlarynyň ösüşiniň aýratynlyklary, meseleleri bilen içgin gyzyklanmagyna, bu barada özbaşdak pikirlenmek endikleriniň kemala gelmegine, bu derse içgin aralaşmagyna ýardam bermek ders mugallymynyň öňünde wajyp wezipe bolup durýar.

Okuwçylar edebiýat boýunça taslama-döredijilik bäsleşiklerine taýýarlanylanda, ilki bilen, tema saýlanylýar. Mugallym bu meselede okuwçylaryň gyzyklanmalaryny, bilim derejelerini, başarnyklaryny we endiklerini göz öňünde tutmaly bolýar. Mysal üçin, şygryýet žanrynyň ösüşiniň aýratynlyklaryny öwrenmek we ýüze çykarmak üçin okuwçylara şygryň düzüliş görnüşleri barada giňişleýin düşünje berýäris. Öwrenilen düşünjeleri belli şahyrlaryň goşgularyndan alnan mysallaryň üsti bilen berkidýäris. Häzirki zaman türkmen şygryýetiniň ösüşi bilen gyzyklanmaga, onuň aýratynlyklaryny, meselelerini ýüze çykarmaga okuwçylaryň ukyp-başarnyklaryny kemala getirmek üçin nazary düşünjeleriň amaly taýdan berkidilmegi uly ähmiýete eýe bolup durýar. Şeýle-de okuwçylara türkmen edebiýatynda rubagy žanrynyň döreýşi we ösüşi barada hem düşünje berýäris. Mäne babanyň, Kerim Gurbannepesowyň, Mämmet Seýidowyň rubagy bentlerine ünsi çekip, olaryň many aýratynlyklaryny öwredýäris. Okuwçylary bu bentleriň mazmun we düzüliş taýdan tapawutly aýratynlyklaryny içgin öwrenmäge, özbaşdak pikirlerini orta atmaga we netije çykarmaga ugrukdyrýarys. Netijede, olar bilim basgançagyndan ylma tarap ilkinji ädimlerini ädýärler.

Häzirki zaman türkmen edebiýatynyň kyssa žanrynda ýazylan bir eseriň çeperçiligi barada gürrüň etmek üçin okuwçylara çeperçilik serişdeleri barada hem giňişleýin gürrüň berýäris. Görnükli ýazyjydyr şahyrlaryň döredijiliginden alnan mysallaryň üsti bilen, olary amaly taýdan berkidýäris. Soňra okuwçylaryň ünsüni häzirki zaman türkmen edebiýatyndan bir eseriň çeperçiligini derňemäge gönükdirýäris. Öwrenilen çeperçilik serişdelerine degişli mysallary eserden tapmagy tabşyrýarys. Şeýlelikde, eserdäki çeperçilik serişdeleriniň ulanylyş aýratynlyklaryny ýüze çykarmaga we bu babatda okuwçylaryň özbaşdak pikirlerini orta atmaga ukyp-başarnyklarynyň kemala gelmegine ýardam bermäge çalyşýarys.

 

Dünýägözel YLÝASOWA,

Ak bugdaý etrabyndaky daşary ýurt dillerini

çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 8-nji orta

mekdebiň mugallymy.

Mugallymlar gazeti. 20.02.2023ý.

Meňzeş habarlar