OKUWÇYLARA HAS ATLARY ÖWRETMEK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri ýaş nesilleriň milli ruhda terbiýelenmegine, döwrebap bilim almaklaryna oňat ýardam edýär. Şunda ýaşlary milli ruhda terbiýelemek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Hut şonuň üçin hem geçilýän sapaklarda milli gymmatlyklarymyz, medeniýetimiz barada düşünje berýäris. Esasan hem türkmen dili sapaklarynda pederlerimizden miras galan ene dilimize bolan buýsanjy terbiýeleýäris. Elbetde, bu ugurda ene dilimiziň baýlyklary, ylmy esasda öwrenilişi barada ýaşlara öwretmek baş maksat bolup durýar. Çünki ene dilimiz milliligiň, milli dünýägaraýşyň gözbaşy hasaplanýar. Şonuň üçin hem ýaşlara dil bilimi barada düşünje bermek, türkmen diliniň öwrenilişini olaryň aňyna ýetirmek örän ähmiýetlidir. Munuň özi olaryň dürs ýazuwyna, sözleýiş medeniýetine oňat täsir edýär. Bu babatda türkmen dili sapaklarynda maksatlaýyn işler ýola goýulýar.

Milli dilimiz halkymyzyň diňe bir ruhy gymmatlygy bolman, eýsem, ol möhüm aragatnaşyk serişdesidir, dostlugyň, üstünlikleriň, ösüşiň gözbaşydyr.

Sapakda türkmen dilinde söz toparlary barada düşünje bermek we ýaşlaryň düşünjesini artdyrmak möhümdir. Esasan, dilde ulanylýan sözler özleriniň many we grammatik alamatlaryna görä toparlara bölünýärler. Şeýle toparlaryň biri özbaşdak many aňladýan söz toparlary bolup, olara atlar, işlikler, sypatlar we beýleki söz toparlary degişlidir. Bu söz toparlaryň içinden atlaryň—has atlaryň ýazuw düzgünlerini öwretmek okuwçylar üçin gyzyklydyr, sebäbi atlaryň we has atlaryň ýazuw düzgüni, goşulmalary aýratyn ünsüňi çekýär.

Sapakda atlar we has atlar hakynda düşünje bermek bilen, atlaryň kesgitlemesini öwretmek gerek. Soňra has atlar we olaryň ýazuw düzgünleri hakynda düşündirmek hökmandyr.

Mälim bolşy ýaly, has atlara şular degişlidir, ýagny adam atlary, ýer-ýurt atlary, gazet-žurnallaryň, kitaplaryň, eserleriň atlary, edaralaryň, köçeleriň, seýilgähleriň atlary, astronomik atlar. Görnüşi ýaly, bu atlar has atlar diýlip beýan edilýär. Bu barada giňişleýin düşünje bermek gerek. Ynha, adam atlary diýlende, bellibir mysallara ýüzlenmek, mysallar arkaly düşündirmek zerurdyr. Özi hem has atlaryň ýazuw kadasyny hem düşündirmek gerek. Has atlaryň ýazuwda baş harp bilen ýazylýandygyny we goşma atlaryň hem ýazuw düzgünlerini öwretmeli. Ýer-ýurt atlaryna degişli has atlaryň ýazylyşyny mysal getirmek bolar. Meselem: Köneürgenç, Sakarçäge, Gökdepe, Baýramaly, Türkmenabat.

Has atlaryň ýazylyşynda adam atlaryny mysal getirmek bolar.

Dünýägözel, Amanmyrat, Seýitguly, Hudaýguly, Muhammetberdi.

Bu mysallary multimedia tagtasynda görkezmek has-da täsirli bolýar, çünki okuwçylar has atlaryň ýazylyşyny görýärler we ýatda saklaýarlar. Şeýle mysallaryň üsti bilen sapakda ýaşlara has atlaryň ýazuw düzgüni barada kadalary düşündirmek bolar.

Astronomik atlara hem käbir mysallary getirmek bolar:

Aý, Gün, Ülker, Ýedigen.

Görnüşi ýaly, astronomik atlar hem has atlar hökmünde baş harp bilen ýazylýar. Has atlar hakynda şeýle giňişleýin mysallary getirmek bilen sapagyň täsirliligini artdyrmak mümkin.

Mälim bolşy ýaly, türkmen diliniň orfografiýasynda goşma sözleriň ýazuw düzgüni hakynda birnäçe ylmy işler ýazyldy. Okuw sapaklarynda bular barada hem düşünje bermek bolar. Munuň özi ýaşlaryň giň dünýä garaýşyna oňat täsirini ýetirer.

Dilimiziň ýazuw kadalary dilçi alymlar tarapyndan giňişleýin öwrenilýär we ençeme ylmy kitaplar çap edilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ene dilimiziň ylmy esasda öwrenilişini we dürs ýazuwyny ýaşlara öwretmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda geçilýän sapaklary guramaçylykly alyp barmak, sapagyň täsirliligini gazanmak hökmany bolup durýar. Munuň özi okuwçylaryň türkmen diliniň ýazuw kadalaryna, öwrenilişine bolan düşünjelerini baýlaşdyrar.

 

Patma SEÝITMÄMMEDOWA,

Türkmenbaşy etrabyndaky 6-njy orta

mekdebiň mugallymy.

Mugallymlar gazeti. 20.02.2023ý.

Meňzeş habarlar