DÖWREBAP MÜMKINÇILIKLER

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan durnukly ösýän, ykdysady taýdan gurply döwletleriň biri hökmünde dünýäde giňden ykrar edilýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, häzirki zaman ylmynyň ösen tehnologiýalarynyň önümçilige ornaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, halk hojalygynyň pudaklary üçin ösen tilsimatlardan baş çykarýan ýaş nesliň kemala getirilmegi bilen şertlendirilendir.

Ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň, ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösmeginiň şerti hökmünde bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ony dünýä derejesine çykarmak üçin işjeň we maksada okgunly işler yzygiderli amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär. Soňky ýyllarda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyplarymyzyň, mekdep okuwçylarymyzyň sany has-da artýar» diýip belledi. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeler özüniň oňat netijesini berýär. Bu günki günde ýaşlaryň başarnyklary, zehinleri biziň her birimizi buýsandyrýar.

Hawa, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň gymmatyna doly düşünýän nesiller kemala gelýär. Olar döwrebap bilimleri özleşdirip, ýurdumyzyň ösüşlerine öz goşantlaryny goşmaga ymtylýarlar. Şunda olaryň öwrenen bilimleri, ylymlary, iň esasy hem sanly ulgama oňat düşünmekleri has möhüm bolup durýar. Bu babatda sanly tehnologiýalara oňat düşünýän hünärmenleriň taýýarlanylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Munuň özi işleriň ylmy esasda ýola goýulýandygyny, kämil hünärmenler tarapyndan alnyp barylýandygyny beýan edýär.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda möhüm işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdepleri ýaş nesilleriň hyzmatynda. Munuň şeýledigine ýaşlaryň kämil tehnologiýalara, kompýuterlere düşünýändikleriniň mysalynda hem görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Diýarymyzda ösüşleriň, özgerişleriň ähli ugurlary boýunça gazanylýan üstünlikler Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da belende göterýär. Türkmenistanda ýaşlaryň çuňňur bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Altyn USSAÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň mugallymy.

Mugallymlar gazeti. 22.02.2023ý.

Meňzeş habarlar