KÖRPELERE OÝUN ARKALY SANAMAGY ÖWRETMEK

Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesilleriň terbiýeli we giň dünýägaraýyşly bolmagyna uly üns berilýär. Körpelerde bilim almaga bolan höwesi döretmek üçin netijeli usullar ulanylýar. Mekdebe taýýarlaýyş toparlarynda olara harplar, sanlar hakynda düşünje berilýär. Bular körpeleriň mekdebe bolan gyzyklanmalaryny, okamaga bolan isleglerini has-da artdyrýar.

Körpelere sanlar, harplar hakynda düşünje bermek üçin olar bilen degişli işler geçirilýär. Şunda terbiýeçilik oýunlaryna aýratyn üns berilýär. Terbiýeçilik oýunlaryny bilim we terbiýeçilik işi bilen sazlaşykly alyp barmak, körpeler bilen gyzykly söhbetdeşlikleri guramak hökmanydyr. Çagalar bilen söhbetdeş bolan mahalyň, olar öz gyzyklanmalaryny beýan edýärler, oýunlaryň görnüşlerini aýdýarlar. Terbiýeçiniň esasy ugry çaganyň pikirleniş endiklerini ösdürmegi, olaryň bir zatlar öwrenmäge bolan höwesini oýarmagy bolup durýar. Şonuň üçin biz oýunlardan ýerlikli peýdalanyp, oýun oýnatmak bilen çaganyň pikirlenişini ösdürmäge çalyşýarys. Çaga oýun oýnamak arkaly täze düşünjä eýe bolýar. Şunda oýunlaryň terbiýeçilik ähmiýetli bolmagyna aýratyn üns berýäris.

Terbiýeçilik oýunlarynyň kömegi bilen çagalara sanlar hakynda düşünje bermek bolýar. Mysal üçin, çagalar bilen pökgi oýnamak bilen sanlary öwretmek bolar. Çagalar tegelenişip durýarlar we terbiýeçi çagalara pökgini oklaýar we «bir» diýen sany aýdýar. Pökgini gapan çaga bolsa sanyň yzyny dowam edip, «iki» diýen sany aýdýar we pökgini yzyna oklaýar. Terbiýeçi «üç» diýen sany aýdýar we beýleki çaga pökgini oklaýar. Çaga «dört» diýen sany aýdýar we pökgini terbiýeçä oklaýar. Şeýle görnüşdäki oýunlar çagalaryň sanlar hakyndaky düşünjesini artdyrýar we sanamagy öwredýär. Aslynda hem çaganyň irki ýaşdan başlap, beden, akyl we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmakda oýunlaryň uly ähmiýeti bardyr. Munuň üçin halk içindäki oýunlardan hem ýerlikli peýdalanmak bolar, çünki şeýle oýunlary terbiýeçilik bilen baglanyşdyrmak mümkindir. Bu, ilkinji nobatda, bilim işgäriniň döredijilik mümkinçiligine bagly bolup, ukyp-başarnygyny durmuşa geçirmegi bilen şertlendirilýär. Has takygy, halk içindäki oýunlary toplamak, terbiýeçilik işinde peýdalanmak bilen bilim işgäri usulyýet işine öz goşandyny goşup biler.

Şu ýerde ýene bir mysala ýüzlenmek bolar. Mysal üçin, çagalar dürli kagyzlary ýelmäp, surat şekillerini ýasaýarlar. Şunda hem terbiýeçi çagalaryň näçe surat şekilini ýasandyklaryny soraýar we olaryň ýönekeý sanlar hakyndaky düşünjesini kemala getirýär. Çagalar öz ýasan şekillerini sanaýarlar we terbiýeçiniň soragyna jogap berýärler. Şeýlelikde, çagalarda sanlar hakynda düşünje kemala gelýär. Munuň özi çaganyň irki ösüşine oňat täsir edýär. Oýunlar arkaly sanlar barada maglumat berlende körpelerde dostluk, ýoldaşlyk ýaly häsiýetler hem terbiýelenýär. Munuň özi çagalarda akyl işjeňligini ösdürýär, çünki olar oýnuň ýagdaýyna tiz düşünmäge, sanlary tiz aýtmaga ýykgyn edýärler.

Bilim-terbiýeçilik bilen baglanyşykly oýunlary asylly däp-dessurlar bilen utgaşykly alyp barmak bilim bermegiň netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Şonuň üçin dürli usullaryň kömegi bilen mekdebe çenli ýaşly çagalara matematiki düşünjeler öwredilýär. Mekdebe çenli ýaşly çagalary akyl taýdan ösdürmekde, olary mekdebe taýýarlamakda matematiki düşünjeleriň ähmiýeti uludyr. Biz hem oýunlaryň üsti bilen hem-de görkezme esbaplar esasynda çagalaryň sanamak endiklerini, matematiki düşünjelerini artdyrýarys. Şunda san belgileri, dürli kartoçkalar, innowasion tehnologiýalar işjeň ulanylýar. Şeýlelikde, çagalaryň matematiki düşünjesi ösdürilýär.

 

Aýna MAGTYMGULYÝEWA,

Türkmenbaşy etrabyndaky 1-nji çagalar

bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Mugallymlar gazeti. 22.02.2023ý.

Meňzeş habarlar