Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy esasda öwrenmek we ýaş nesillere wagyz etmek mukaddes ýörelgeleriň biridir. Bu häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlaryň terbiýesinde aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz medeni gymmatlyklary, taryhy, edebiýaty, sungaty, ylym-bilimi ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle gymmatlyklar ýaşlarda watansöýüjiligi, il-güne bolan buýsanjy terbiýeleýär, olaryň aň-düşünjesiniň ösmegine oňat täsir edýär. Bu babatda şöhratly taryhymyz, geçmiş mirasymyzdaky edebi eserler aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda alymlaryň, şahyrlaryň uly mirasy goýup gidendigini bellemek örän ýakymlydyr. Şeýle şahsyýetleriň biri-de Magtymguly Pyragydyr. Adamzat köňlüniň şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ýaş nesilleri terbiýelemekde egsilmez hazynadyr. Şahyryň öwüt-ündew häsiýetli goşgulary ýaşlar üçin nusgalyk ýoldur.
Beýik akyldaryň döredijiligi umman ýaly giňdir, many-mazmun babatda örän çuňňurdyr. Şahyryň goşgularyny okap, dürdäne setirlere, pelsepewi garaýyşlara göz ýetirýärsiň. Esasan hem ýagşylyk hakyndaky pikirler ynsanperwerlikden, belent adamkärçilikden gözbaş alýar. Şahyr «Asla adamzada ajy söz urma» diýmek bilen, ynsana belent sarpa goýýar. Şeýle hem sözüň ynsan üçin uly gymmatlykdygy, süýji sözli bolmalydygy, manyly sözlemelidigi düşündirilýär.
Aslynda süýji sözli bolmak, ynsan mertebesini belende götermek asylly ýörelge bolupdyr. Akyldar şahyr şeýle asylly ýörelgeleri wagyz etmek bilen bir hatarda diňe ýagşylyklary ündeýär. Şunda ýaşlara terbiýe berlende şeýle goşgulary mysal getirmegiň ähmiýetine düşünýärsiň. Bu goşgular ýaş nesliň aňyna nakyl ýaly berk ornaşýar, olarda ýagşy gylyk-häsiýeti terbiýeleýär.
Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň bize miras goýup giden goşgulary asyrlar geçse-de, barha öwüşgin alyp, kalplara röwşenlik çaýýar. Şahyryň baý many-mazmunly goşgulary watansöýüjiligi, belent ynsanperwerligi wasp edýär. Şonuň üçin hem bu goşgular adamzadyň aňynda müdimi ýer alyp ýaşamagyny dowam edýär. Bu goşgularyň many-mazmunyny ýaşlara düşündirmek bilen, olary milli ruhda terbiýeleýäris. Şonuň üçin ýaşlar ata-baba gelýän asylly ýörelgelerimize sarpa goýýarlar.
Ýaşlaryň terbiýesinde watansöýüjiligi ösdürýän goşgularyň biri hem Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» goşgusydyr.
Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
Akyldar şahyryň watansöýüjiligi wasp edýän dürdäne setirleri nakyla öwrülip, halkyň aňynda, köňlünde ýaşaýar. Beýik söz ussadynyň şygyrlarynyň pähimlik gymmaty örän ýokarydyr, umman ýaly giňdir. Paýhas dürleriniň çeperçilik täsirleri, terbiýeçilik ähmiýeti aňyňa ornaýar, pähimiňi durlaýar. Şonuň üçin hem bu goşgularyň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr.
Türkmen ýaşlaryna çuňňur bilim we asylly terbiýe bermekde şahyryň döredijiligi egsilmez hazynadyr. Magtymgulynyň goşgulary ynsan durmuşynda uly ruhy güýç bolup, many-mazmuny bilen kämillik ýoluna düşürýär. Ajaýyp setirlerde öňe sürülýän pikirler, paýhasly sözler durmuşda terbiýe ýoluny döredýär. Şonuň üçin hem şahyryň şygyrlary adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar, oňa ruhy güýç berýär.
Hawa, Magtymgulynyň döredijiligi halkymyz üçin egsilmez hazyna, ruhy baýlyk. Ol ynsanlary terbiýelemekde hiç bir döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Döredijiligi bilen ynsan ruhuny baýlaşdyrýan Magtymguly Pyragy hakynda ýazylan ylmy işler hem, makalalar hem dilçi alymlaryň, edebiýatçylaryň ünsüni çekýär. Umuman aýdanymyzda, şahyryň döredijiligi bilen bir hatarda, edebiýat ylmynda alnyp barlan işleriň özi hem uly ähmiýete eýedir. Bularyň hemmesini öwrenmek, geljek nesillere ýetirmek biziň her birimiziň asylly ýörelgämize öwrüldi.
Milli edebiýatymyzy, nusgawy şahyrlaryň döredijiligini ylmy esasda öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Amantäç AGALIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen
milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.
Mugallymlar gazeti. 27.02.2023ý.