Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynyň ösüşi ýokary depgine eýe bolýar. Bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ýaşlara türkmen dilini öwretmek, şeýle hem olary milli terbiýede terbiýelemek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Türkmenistanyň geljegi bolan ýaşlaryň öz saýlap alan ugurlary boýunça kämil derejede öwrenmekleri üçin, dürli usuly işleriň, okuw sapaklarynyň talabalaýyk guralmagy zerurdyr.
Türkmen diliniň söz baýlyklaryny ylmy esasda öwrenmek we ýaşlara öwretmek esasy ugurlaryň biridir. Şunda biz çeper edebiýata, halk döredijilik eserlerine, esasan hem nakyllara ýüzlenýäris. Durnukly söz düzümleri öwredilende nakyllar we atalar sözüne uly orun degişlidir. Olary deňeşdirme esasynda seljermek has wajypdyr. «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde», «Nakyl — öwüt beriji, gysgajyk halk pähimi» diýip düşündiriş berilýär. Nakyllar we atalar sözi çuňňur paýhasdan dörän çeperçilik serişdeleri hökmünde durmuşda giňden ulanylýar. Olar halkyň taryhy ösüş ýolunyň çeper önümi bolup, asyrlaryň dowamynda gepleşik we ýazuw dilinde giňden ulanylypdyr. Nakyllar we atalar sözi halk durmuşy bilen baglanyşykly bolan däp-dessurlary, durmuş ýagdaýlaryny, terbiýe mekdebini, halkyň dünýä garaýşyny özünde jemleýär. Bu gysga aýdylýan çeperçilik serişdesi durmuşda giňden ulanylýar. Nakyllar we atalar sözi halkyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlary, däp-dessurlary hakynda maglumatlary özünde jemleýän gymmatly hazynadyr. Biziň döwrümizde kämil, giň dünýägaraýyşly, medeniýetli nesli terbiýelemekde nakyllardan we atalar sözünden peýdalanylýar. Türkmen dilinde şeýle nakyllar bar: «Akyl — ylmyň hyrydary», «Alym gül getirer, ary — bal», «Dil bilen dünýäni gezer», «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag», «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer», «Kitap okamaýan bir dili biler, kitap okaýan kän dili biler», «Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana», «Kitap okaýanyň ruhy baý». Şeýle nakyllaryň üsti bilen ýaşlara öwüt-nesihat berýäris, ylym-bilim öwrenmegi ündeýäris.
Şu getirilen mysallarda halkyň döreden gymmatly çeşmelerinde sözüň güýjüne näderejede ähmiýet berilýändigine göz ýetirýärsiň. Nakyllar we atalar sözi durmuşda giňden ulanylýar. Bu bolsa sözüň täsirliligine, öwüşginine ýardam berýär.
Dünýägözel HOMMADOWA,
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk
institutynyň uly mugallymy.
Mugallymlar gazeti. 27.02.2023ý.