ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR ÝYLY

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu günki gün türkmen halkymyzyň her güni toý-baýrama, şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslenip gelýär.Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen ilimiz öz aýdyň ertirlerini, ýagty geljegini gurýar. Muny biz bagtyýar durmuşymyzyň döwrebap özgertmelerinde, alnyp barylýan beýik işlerde has aýdyň görýäris. Döwletli diýarymyzda ýaşlaryň işleri barha ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän işleri, raýatlarymyzyň eşretli durmuşlaryny göreniňde kalbyň joşa gelýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda möhüm ähmiýetli syýasy wakalaryň, durmuş-ykdysady, medeni özgertmeleriň mala aşyrylýan,  belent maksatlaryň durmuşa geçirilýän döwründe ýaşamak, halal zähmetiň bilen ýurduň ösüşine goşant goşmak bagtdyr.

Ýaşlar-biziň bagtyýar geljegimiz we ertirimiz. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaşlar barada örän uly alada edilýär. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň kanunyň rejelenen görnüşine laýyklykda, ýaş nesilleriň watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Watany söýmek, il-güne hyzmat etmek halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgesidir. Şonuň üçin hem milli ruhda terbiýe alan ýaş nesiller Watana wepaly, kämil şahsyýetler bolup ýetişýärler.

Goý hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri hemişe üstünliklere beslensin! “Ýyllar gelýär bir-birinden zyýada” diýen ýörgünli söz bar. Bu hakykatdan-da şeýle. Biz bu durmuş hakykatyna her ýylda bolup geçýän ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan şanly wakalarda, ýetilýän belent sepgitlerde, gazanylýan beýik ösüşlerde, halkara üstünliklerimizde aýdyň  göz ýetirýäris. Uly üstünlikler bilen jemlenen “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly hem taryhy wakalara, beýik özgertmelere, döwletli tutumlara örän baý boldy. Bu ýyl ýaşlaryň durmuşynda-da hiç mahal unudylmajak ajaýyp wakalara, bagtly pursatlara beslendi. Geçen ýyllarda ýaşlar üçin ýerine ýetirilen beýik işler barada söz açsak ilki bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralynda geçirilen nobatdan daşary mejlisi, onuň ýaşlaryň durmuşyndaky uly orny barada gürrüň etmek möhümdir.  Şeýle-de geçen ýylyň 31-nji maýynda Türkmen oba hojalyk institutynyň bagtyýar talyplary bilen duşuşygynda alym Arkadagymyz “Kitaby söýüň, ylymly-bilimli başlar bolup, ata Watanymyza wepaly gulluk etmek beýik mertebedir!” diýip ýaşlara sargyt etdi. Gymmatly maslahatlaryny, öwüt-ündewlerini berdi. Bu ýokary okuw mekdebinde onuň yzysüre 9-njy iýunda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda talyplar bilen bolan duşuşygynda Gahryman arkadagymyz bagtyýar türkmen ýaşlaryna “Geljek siziň bilendir!” diýip, buýsançly ýüzlendi. Tamamlanan ýylyň 3-nji sentýabrynda Mary welaýatynda amala aşyrylan iş saparynda-da Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Döwlet Energetika Institutynda bilim alýan talyp ýaşlar bilen duşuşygynda beýik ösüşler barada baý many-mazmunly sözleri sözledi. Hormatly Prezidentimiz hem Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini, döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirip, üstünlikli rowaçlandyrýar. Türkmen ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatynda taýsyz tagallalary edýär. Şunda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 2022-nji ýylda geçirilen VII gurultaýynda guramanyň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi. Şeýle hem 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynyň yzysüre geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda” Karara gol çekilmeginiň ähmiýeti örän uludyr. Döwür ýaşlaryň deminde güýç alýar, ýaşlygyň joşgunynda hyjuwlanýar. Döwrüň batly gadamlarynda ýaşlary ýürek urgusy, sesi eşidilýär. Täze 2023-nji ýylyň çuň many-mazmunly nyşanynda ýurdumyzyň kartasynyň ýokarysynda uçup barýan guşuň keşbini hem-de ýaşajyk pyntygy ýatlatýan şekil bilen suratlandyrylyşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmeniň hyjuwly, gollary gujurly ýaş nesillerine belent sepgitler, beýik ösüşler garaşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşýän kämil ýaşlarymyz bilen belent maksatlarymyz myrat tapsyn. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri, döwletli ýoly Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mundan beýläk-de dowamat-dowam bolsun.

 

Annajahan ILLEKOWA,

Aşgabadyň dokma toplumynyň

Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar

guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

20 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

20 Iýun 2025 | 0 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI