ÝAŞLAR-ÝURDUMYZYŇ NURANA GELJEGI

Eziz Watanymyzda her ýyla öz-boluşly mana beslenýän at bermek täze döwrümiziň döwletli ýörelgeleriniň birine öwrüldi. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaslar ýyly» diýlip atlandyrylmagy jemgyýetimizde giň goldawa eýe boldy, ýas nesliň wekillerini buýsandyryjy ruhy josguna besledi. Ýaslar geljegi gurujylar, jemgyýetiň kuwwatly güýji hökmünde uly mümkinçilige eýe bolup, olary watançylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, ýaş maşgalalary goldamak wezipeleri döwlet syýasatynyň üns merkezinde durýar. Häzirki döwürde ýaslar syýasatynyň esasy ugurlaryny, maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen baglydyr. Döwlet tarapyndan ýaslaryň kämil bilim almagy üçin şertleri üpjün etmek, zehinli ýaşlara goldaw bermek, ýaşlaryň beden we ruhy ösüşine gönükdirilen şertleri döretmek işleri maksatnamalaýyn alnyp barylýar. 2021-nji ýylyn ýanwar aýynda «Türkmenistanda ýaslar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 - 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Geçen ýyl türkmen ýaşlarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak möhüm wakalara beslendi. 2022-nji ýylyn 1-nji sentýabrynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. Onuň dowamynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Şol gurultaýda Arkadagly Serdarymyz çykyş edip, ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty, ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge gönükdirilen çäreler barada aýratyn durup geçdi. Hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden taryhy çykyşynda hem ýaşlar syýasatyna uly üns gönükdirdi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy döredilip berilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp ýaşlaryň arasynda dürli çäreler geçirýär. Geçirilýän çäreler ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek, sagdyn durmuş ýörelgesine gönükdirmek, ukyp başarnygyny açyp görkezip öz hünärlerine uly söýgini döredýär. Ýaşlar özlerine bildirilýän beýik ynamdan, döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanyp, eziz Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak höwesi bilen Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşýärler. 2023-nji ýylyň şygarynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny ýene bir gezek tassyklady. Ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi ugrunda uly tagalla edýän hormatly Arkadagly Serdarymyza köp alkyşlar aýdýarys.

 

Aýna HOJAMOWA,

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar

jemgyýetiniň Magtymguly adyndaky

ilkinji Ýaşlar guramasynyň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

20 Iýun 2025 | 0 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI