“ÝYLYŇ ŞANLY MENZILLERINE BADALGA”

Her ýyla mynasyp at berilmegi ýurdumyzda indi asylly däbe öwrüldi. Bu ýagdaý döwletimizi ösdürilmegiň möhüm ugurlaryna ünsi çekmäge, il-ýurt bähbitli beýik işlere, özgertmelere giň ýol açýar. Ýagşy niýetler, uly arzuw-umytlar bilen garşylan täze, 2023-nji ýylymyzyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy bolsa biz ýaş nesilleriň ata Watanymyza bolan söýgimizi we döredijilik zähmet çekmäge yhlas-höwesimizi has-da artdyrdy. Munuň özi şu günki günüň ýaş nesillerine bildirilýän belent ynamdyr. Ynam bolsa adama örän uly ruhy güýç berýär. Ol mukaddesdir hem-de hökman ödelmelidir. Bildirilýän belent ynamy ödemek biz-ýaşlaryň mukaddes borjumyzdyr. Bu babatda Arkadagly Serdarymyz biziň üçin görüm-görelde, nusgalyk mekdepdir. Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň halkyň, ýurduň ykbalyna dahylly bolmaly adamlardygyny nygtaýar. “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp eserinde bolsa: “Geljegimize ynamlylygymyz watançy, akylly-başly oýlanyp bilýän ýaşlarymyza baglydyr” diýip belleýär. Diýmek, 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagynyň düýp özeninde ertirki günümiz hakyndaky, geljek babatdaky alada ýatandyr. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam  etdirýän Arkadagly Serdarymzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň kämil ylym-bilim almagy, sport bilen meşgullanmagy, hünär öwrenmegi, saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler, ähli döwrebap şertler yzygiderli döredilýär. Bu bolsa türkmen ýaşlaryny täze maksatlara, belent üstünliklere ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ýylyň-ýylyna ylmy we taslama işleri boýunça ýa-da dürli döredijilik bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilmegi-de olaryň giň dünýägaraýyşly, berk bedenli, sagdyn ruhly, ylymly-bilimli nesiller bolup ýetişmegi babatda derejesinde taýsyz tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Ynha şol maksat bilen Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” atly  ýylynda Büzmeýin etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Büzmeýin etrap komiteti bilen bilelikde gurnamagynda Aşgabat şäher häkimliginiň Janly tebigatyň milli muzeýinde zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda “Ýylyň şanly menzillerine badalga” ady bilen wagyz-nesihat hem-de maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözler aýdyldy.

 

Humaý ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Büzmeýin etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

20 Iýun 2025 | 0 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI