Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň uly üstünlikleri, taryhy wakalary bilen doly, geçen ýyllaryň hersine mynasyp at berilmegi döwletimiziň ösmeginiň möhüm tapgyrlaryna ünsi çekmäge we Türkmen halkymyz üçin bähbitli wakalaryň artmagyna giň ýol açýar. Ýagşy niýetler bilen garşylanan täze 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” diýlip atlandyrylmagy Eziz türkmen halkymyzda uly buýsanç döretdi. Ýaş nesillerimiziň Ata Watanymyza bolan söýgüsini, döredijilikli durmuşa bolan höwesini, zähmete bolan yhlasyny has-da artdyrdy. Tamamlanan 2022-nji ýyl “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda halkymyzyň, aýratyn-da ýaş nesillerimiziň durmuşyny özgerden taryhy wakalar amala aşyryldy. Bilimler we Talyp ýaşlar gününde, aziýanyň Merjeni hasaplanýan gözel paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde TMÝG-niň VII gurultaýynyň geçirilmegi, ýurdumyzyň ýaşlaryna uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň çykyş edip, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekilmegi we ýaşlar bilen bagly ähli meselelerde öňde durýan wezipeleriň kesgitlenilmegi türkmen halkynyň ýagty gelejegi üçin ädilen ýene bir möhüm ädim boldy. 2022 ýyl “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň, okgunly ösüşler we şöhratly üstünlikler bilen tamamlanýan günlerinde Türkmenistanyň Milli geňeşiniň mejlisiniň karary esasynda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine etrap hukukly şäher derejesi berlip, “Arkadag” adynyň dakylmagy hem-de onuň “Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri” diýilip atlandyrylmagy agzybir halkymyz üçin örän buýsançly waka boldy. Şeýle şanly wakalar mähriban halkymyzy, ýurdumyzy mundan beýläk hem ösdürmek ugrunda yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize egsilmez buýsanjy has-da artdyrýar. Ýaşlar bilen bagly meseläni döwlet syýasaty derejesine çykaran Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz ýaşlara eziz watanymyzyň gelejegini gurujylar hökmünde garap, olara uly ynam bildirýär. Hormatly Prezidentimiziň belent ynamyny ödemek her bir ýaş türkmenistanlynyň mukaddes borjudyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlarymyzyň şol ynamda gözbaş alyp Watanymyza wepaly ýaşlar boljakdyklaryna berk ynandyrasym gelýär.
Bize asuda durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun.
Güljeren ÝAGŞYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.