Hormatly Prezidentimiziň Baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işleri, gazanylýan üstünlikleri, şeýle hem 2023-nji ýylyň şygarynyň we nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi tarapyndan birnäçe wagyz-nesihat duşuşyklary hem-de medeni-köpçülikleýin çäreleri geçilýär. Ine, şol çäreleriň biri hem Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň gurnamagynda 2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlyklary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çykyş eden edenler döredilip berilýän mümkinçilikler üçin köp sagbolsun aýtdylar.
Nurmuhammet DÖWLETOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Köpetdag etrap Geňeşiniň başlygy.