Bu günki gün gözbaşyny gadymyýetiň köklerinden alyp gaýdýan eziz ata-watanymyz asudalygyň, abadanlygyň, Baky Bagtyýarlygyň, synmaz erkinligiň, bol-elin hem-de eşretli durmuşyň mekanyna öwrüldi. Diýarymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler gönüden-göni il-halkymyzyň bagtly durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýär. Diýarymyzda gazanylýan ähli üstünliklerde ýaşlarymyzyň saldamly goşantlarynyň bardygy has-da buýsançlydyr. Hormatly Prtezidentimiziň ýaşlar üçin döredýän bimöçber tagallalary, uly mümkinçilikleri ýaşlarymyzyň dünýä derejesinde kämil sowatly bolmaklary, olaryň öz saýlap alan hünärleriniň hakyky ussatlary bolup ýetişmeklerine uly ýardam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara bildirýän uly ynamyny ödemeklik bolsa ýaşlar üçin öňlerinde goýan iň bir mukaddes borçlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz ýaşlarymyz üçin öz sargytlarynda şeýle belleýär. “Her bir adamyň durmuşda öz ornuny tapmagyny ,jemgiýetde peýdaly zähmet çekmegini, zähmetiniň hözürini görmegini üpjün etmek baş maksadymyzdyr. Biz sagdyn ,beden taýdan güýçli ,akylly, zehinli ýaşlaryň nesline eýe bolmalydyrys. Diňe şeýle ýaşlar bilen halkymyzyň geljegi bagtly bolar” Gahryman Arkadagymyzyň parasata ýugrulan şu sözleri ýaşlarymyzyň ählitaraplaýyn ösen şahsyýetler bolup ýetişmeklerine oňyn täsir edýär. Häzirki wagtda ýaşlarymyz özleri üçin döredilýän uly mümkinçiliklerden peýdalanyp dünýäniň iň bir ösen ýurtlarynda bilim alýarlar. Öz watanymyzda okap ýören ýaşlarymyz hem daşary ýurtlara gidip okuw tejribeligini geçirýarler. Bu bolsa Hormatly Prezidentimiziň “Ösen döwletlerde ylym iň esasy orny eýeleýär. Diýmek biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş öňe gitmelidiris” diýip aýdýan ylym bilen bagly sözleriniň hakykat ýüzünde amala aşýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Häzirki wagtda Okamaklyga, öz saýlap alan hünäriňe eýe bolmaklyga, döretmeklige ähli ýollaryň açyklygy eziz Arkadagymyzyň ýaşlar üçin edýän tagallalarynyň ummasyzlygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Bizem gelejekde türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesinde has kämil, tutanýerli, işjanly, zähmetsöýer, öz kärine wepaly, watansöýüji, watana il-güne gerekli, beden taýdan güýçli ýaşlar edip ýetişdirmekde tutanýerli zähmet çekeris. Ýaşlar hakynda uly tagallalar edýän, ýaşlaryň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ähli tutumly başlangyçlarynyň hemişe rowaç almagyny, janynyň sag, ömrüniň uzak, başynyň dik bolmagyny türkmen ýaşlarynyň adyndan tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Ogulbahar AÝAZOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher
geňeşiniň işgäri.