“ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR ÝYLY”

Her ýyla mynasyp at berilmegi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Bu ýagdaý döwletimizi ösdürmegiň möhüm ugurlaryna ünsi çekmäge, il-ýurt bähbitli beýik işlere, özgertmelere giň ýol açýar. Egsilmez eşretleriň hözirini görüp ýaşaýan mähriban halkymyz täze ýyly ýagşy umytlardyr,  ak arzuwlar bilen garşy aldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Biri-birinden zyýada bolup gelýän ýyllaryň hersi taryha altyn sene bolup ýazylýar. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda halkymyzyň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň durmuşy özgerden taryhy wakalar amala aşyryldy.  Ynam adamy özgertýär. Ynam-ynsan gatnaşyklarynyň söýesi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýaşlara bildirýän uly ynamyň döwridir.  2023-nji ýylyň şygarynyň halkymyzyň teklibi esasynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip  atlandyrylmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Ýaşlara buýsançly nazar bilen bakylmagynyň aňrysynda hem uly many bar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Arkadagly Serdarymyzyň dowam etdirmeginde adalatly, parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz durmuşyň ähli ugurlarynda – syýasy, ykdysady, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda günsaýyn beýik ösüşlere ýetýär hem-de täze sepgitlere tarap batly gadamlar bilen barýar. Häzirki wagtda türkmen halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiz halkyň diňe şu gününiň däl eýsem, geljeginiň hem ýagty röwşen bolmagy üçin aladalaryny edýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu günki gün türkmen halkymyzyň her güni toý-baýrama,  şatlyk-şowhuna,  ruhubelentlige beslenip gelýär. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen ilimiz öz aýdyň ertirlerini, ýagty geljegini gurýar. Muny biz bagtyýar durmuşymyzyň döwrebap özgertmelerinde, alnyp barylýan beýik işlerde has aýdyň görýäris. Döwletli diýarymyzda ýaşlaryň işleri barha ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän işleri, raýatlarymyzyň eşretli durmuşlaryny göreniňde kalbyň joşa gelýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda möhüm ähmiýetli syýasy wakalaryň, durmuş-ykdysady, medeni özgertmeleriň mala aşyrylýan,  belent maksatlaryň durmuşa geçirilýän döwründe ýaşamak, halal zähmetiň bilen ýurduň ösüşine goşant goşmak bagtdyr.Ýaşlar-biziň bagtyýar geljegimiz we ertirimiz. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaşlar barada örän uly alada edilýär. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň kanunyň rejelenen görnüşine laýyklykda, ýaş nesilleriň watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Watany söýmek, il-güne hyzmat etmek halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgesidir. Şonuň üçin hem milli ruhda terbiýe alan ýaş nesiller Watana wepaly, kämil şahsyýetler bolup ýetişýärler. Goý hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri hemişe üstünliklere beslensin!

 

Baýramgül BAÝRAMDURDYÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

20 Iýun 2025 | 0 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI